Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Новости за 30.03.2023

Türkmenistan Arkadag şäheri üçin 5 milliard dollar sarp eder

Azathabar.com 

Türkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna gurulýan şäher üçin 5 milliard dollar sarp eder. Bu barada "France 24" telekanaly türkmen resmilerine salgylanyp, 29-njy martda habar berdi. Bu san şäheriň gurluşygyna 1,5 milliard dollaryň sarp ediljekdigi barada 2020-nji ýylyň fewralynda yglan edilen serişdeden üç esse köpdür. "Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyry 3,3 milliard dollara durýar" diýip, fransuz telekanaly şäheriň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň aýdan sözlerini sitirledi. Читать дальше...

Türkmen bilermeni: Owganystanda guruljak kanal regionda suw meselesini çylşyrymlaşdyrar

Azathabar.com 

Owganystanda gurulýan kanal we onuň goňşy ýurtlara ýetirip biljek täsiri barada diskussiýalar dowam edýär. Bilermenler Koştepa kanalynyň işe girizilmegi Amyderýanyň resurslaryna agram bolup, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ilkinji nobatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw üpjünçiligine howp saljakdygyny duýdurýarlar. Türkmenistanly gidrogeologiýa boýunça bilermen "Bu mesele däl, eýsem betbagtçylyk bolar" - diýýär. Azatlyk bilen adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen bilermeniň pikiriçe, Türkmenistanyň... Читать дальше...

Balkanda palçylar we tebipler 'ýurduň ykdysadyýetine ýaramaz täsir ýetirmekde' aýyplanýar

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň käbir şäherlerinde häkimiýetler palçylara we tebiplere garşy reýdleri geçirip, olardan aýdyňlaşdyrylmaýan ygtyýarnama talap edip başladylar. Bu waka, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady we durmuş kynçylyklarynyň fonunda, ilat arasynda bu adamlardan haraý gözleýänleriň köpelýän mahalyna gabat gelýär. "Şu günler Magtymguly we Türkmenbaşy şäherlerinde kanun goraýjy edaralaryň, şol sanda Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri palçy we tebip adamlaryň öýlerine reýdleri gurnap, olar bilen söhbetdeşlikleri geçirýärler" diýip... Читать дальше...

Türkmenabada paýtagtdan köne taksiler gelenden soň, hususy taksiçilere basyşlar güýçlendi

Azathabar.com 

Aşgabatda ençeme ýyl ulanylan taksileriň sebitlere, şol sanda Lebap welaýatyna ugradylmagynyň yzy bilen, indi ýurduň gündogar regionlarynda hem hususy taksiçilere garşy basyşlar güýçlendi. Ýatlatsak, geçen aý paýtagtda täze taksiler hyzmat edip başlandan soň, şäherde öňki hereket eden “Hyundai” kysymly köne ulaglaryň ýüzlerçesi sebitlere paýlandy. Azatlyk, hususanda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Türkmenabat şäherindäki 15-nji awtoparkynyň sürüjilerinden getirilen 100-den gowrak köne ulaglaryň... Читать дальше...

"Gülnaranyň yzy bilen barýar". Saida Mirziýoýewanyň BMG-de eden çykyşy barada, sosial ulgamlardaky seslenmeler

Azathabar.com 

Özbegistanyň prezidentiniň uly gyzy Saida Mirziýoýewa 23-nji martda Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Suw baýlyklary boýunça konferensiýasynda çykyş etdi. Resmi habarlarda aýdylyşyna görä, Mirziýoýewa Özbegistanyň adyndan çykyş edip, Aral deňziniň ýagdaýy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri gozgapdyr. BMG-de çykyş edeninden soň, Mirziýoýewa özüniň sosial ulgamyndaky sahypalarynda Ak tamda we ABŞ-nyň Döwlet departamentinde gepleşikler geçirendigini aýdyp, ony tassyklaýan suratlary habarlaryň gapdalyndan ýerleşdirdi. Читать дальше...

Türkmenistan binalaryň durnuklylygyny alada edip, Raýat goranyşy fakultetini açýar

Azathabar.com 

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Raýat goranyşy fakultetini açmak baradaky karara gol çekdi. Bu fakultet baradaky karar Türkiýede we Siriýada bolan güýçli ýer titremelerinde on müňlerçe adamyň heläk bolmagynyň we sebitde, şol sanda Türkmenistanda türk gurluşykçylary we ýerli kompaniýalar tarapyndan gyssanmaç gurlan binalaryň hil derejesiniň uly alada döreden wagtynyň yz ýanyna gabat geldi. TDH-nyň maglumatyna görä, bu karar ýurtda gurulýan binalaryň tebigy hadysalara... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Камбэком обернулся матч вундеркинда из России перед стартом Еленой Рыбакиной в Мадриде






Почти 300 жителей Королева обратились с вопросами на «Выездной Администрации»

Достижения Подмосковья в строительстве жилья представили на ВДНХ

В Люберцах появился прибор, который позволит урологам видеть камни в почках

Британия подготовила для США гигантскую взятку