Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2021

Pakistanyň ýadro ýarag programmasynyň atasy hasaplanýan dawaly alym A.K. Han ýogaldy

0
Pakistanyň ýadro ýarag programmasynyň atasy hasaplanýan dawaly alym A.K. Han ýogaldy

Pakistanyň ýadro ýarag programmasynyň atasy hasaplanýan Abdul Kadir Han Yslamabatda 85 ýaşynda aradan çykdy.

Pakistanyň döwlet eýeçiligindäki mediasynyň 10-njy oktýabrda beren maglumatyna görä, Han öýken näsazlygy bilen keselhana ýerleşdirilenden soň aradan çykypdyr. Mundan öň, Hanyň koronawirus bilen keselländigi habar berildi.

Han Pakistana ýadro ýaragyny taýýarlap bereni üçin, ýurtda milli gahryman hökmünde kabul edilýär.

Pakistan ýadro ýaragynyň ilkinji üstünlikli synagyny 1998-nji ýylyň maýynda geçirdi. Onuň regional bäsdeşi Hindistan özüniň ilkinji ýadro ýarag synagyny 1974-nji ýylda amal edipdi.

Pakistanyň prezidenti Arif Alwi özüniň Twitter hasabynda “minnetdar millet hiç haçan onuň hyzmatyny unutmaz” diýip ýazgy galdyrdy.

Premýer-ministr Imran Han Abdul Kadir Hany “milli nyşan” hökmünde häsiýetlendirdi, şeýle-de ony “biziň halkymyz tarapyndan söýülen” şahs hökmünde häsiýetlendirdi.

Goranmak ministr Perwez Hattak Twitter hasabynda Hanyň aradan çykmagyna “çuňňur gynanýandygyny” aýtdy we onuň ölümini ýurt üçin “uly ýitgi” atlandyrdy.

Içeri işler ministr Şeýh Raşid alymyň hatyrasyna ýurt derejesinde jaýlanyş çäresiniň geçiriljekdigini mälim etdi.

Hana ýadro syrlaryny Demirgazyk Koreýa, Eýrana we Liwiýa satmakda hem aýyplamalar bildirilipdi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Открытый чемпионат Италии: Новак Джокович получил сильный удар после выхода в третий раунд после Корантена Муте | Теннисные новости






Какого числа в 2024 году в России празднуют День матери

«Штрафы не за горами». Пока электросамокатчиков не ловят, но это только пока

Деньги начали "гореть": россиян призывают спасать свои сбережения

Врач посоветовал положить в аптечку для пикника средства от обезвоживания