Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2021

G20 liderleriniň ýüzbe-ýüz duşuşygynda baş mesele howanyň gyzmagy bolar

0
Dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň ýolbaşçylary 30-njy oktýabrda Rimde toplanyp, howa üýtgemesini we dünýä ykdysadyýetini dikeltmegi ara alyp maslahatlaşmak üçin iki günlük ýygnak geçirýär.


Bu 20-ler toparynyň (G20) iki ýyla golaý öň başlan pandemiýadan bäri ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygy bolar, emma gün tertibinde COVID-19 meselesi däl-de, eýsem howanyň üýtgemegi  baradaky mesele agdyklyk eder öýdülýär.


G20 duşuşygy BMG-niň Şotlandiýanyň Glazgow şäherinde geçiriljek howa konferensiýasynyň öň ýanynda geçirilýär we ýolbaşçylara, howanyň üýtgemegi meselesinde COP26 başlamazyndan ozal öňegidişlik gazanmaklary üçin, basyş edilýär. 


BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş 29-njy oktýabrda G20 liderlerine howa maksatlaryny ilerletmek üçin "has hyjuwly we has köp hereket" görkezip, ynamsyzlygy ýeňip geçmelidigini duýdurdy.


Rim papasy Fransis hem COP26 duşuşygyndan diňe söz däl-de, hereket talap edýän köplüge goşulyp,  dünýäniň syýasy liderleriniň geljekki nesillere zerur bolan düýpli çäreleri görýändikleri barada "anyk umyt" bermelidigini aýtdy. 


Sammite beýemçilik edýän ýurduň, Italiýanyň premýer-ministri Mario Draghi Ýigrimiler toparyny howa temperaturasynyň ýokarlanmagyny 1,5 gradusa çenli çäklendirmek barada borçnama almaga çagyrdy. 2015-nji ýylda Parižde howanyň üýtgemegi boýunça geçirilen konferensiýada howa temperaturasynyň ýokarlanmagynyň senagatlaşmadan öňki derejesinden geçmezligi baradaky sepgit kesgitlenipdi.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса