Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Türkmenistan ABŞ bilen howpsuzlyk meselelerini maslahatlaşdy

0
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda howpsuzlyk meseleleri boýunça iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 30-njy iýulda habar berdi.


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wwepa Hajyýew bu duşuşygyň howpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin geljekki geňeşmeleriň esasy bolup durýandygyny belledi.


Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, terrorçylyk, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy ýaly howplara we beýleki hereketlere garşy göreşmegiň netijeliliginiň zerurdygyny nygtadylar.


Kiber jenaýatçylygyna garşy göreşmek, maglumat howpsuzlygyny güýçlendirmek çäreleri özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.


Owganystanda parahatçylygy gurmaga aýratyn üns berildi diýip, habarda aýdylýar.


W.Hajyýew Türkmenistanyň Owganystanyň syýasy we ykdysady durnuklylygyna, agzybirligine we gülläp ösmegine gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.


Bu nukdaýnazardan, "Merkezi Aziýa + ABŞ" we "Türkmenistan-ABŞ-Owganystan" ýaly köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatlarynyň netijeliligi bellenildi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса