Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

ABŞ dron zarbasyny urup, “Al-Kaýdanyň” Kabulda gizlenen liderini öldürdi

0
Birleşen Ştatlar Owganystana dron zarbasyny urup, “Al-Kaýdanyň” lideri Aýman al-Zawahrini, dünýäde iň gözlenýän terroristleriň birini öldürdi diýip, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 1-nji awgustda telewideniýede berlen çykyşynda aýtdy. "Şeýlelikde, adalat berjaý edildi we bu terrorçy lider indi ýok" diýip, ol aýtdy.


Baýden ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň resmileriniň al-Zawahriniň Kabul şäheriniň merkezinde, maşgalasy bilen gizlenip ýaşaýan öýüni gözläp tapandygyny aýtdy. Prezident bu operasiýany geçen hepde tassyklandygyny hem sözüne goşdy.


Terrorçylyga garşy gurnalan operasiýa Merkezi aňtaw gullugy tarapyndan, 31-nji iýulda amala aşyryldy. ABŞ-nyň aňtaw gullugy öldürilen adamyň hakykatdan hem Zawahriniň özi bolandygyny "ýokary ynamdarlyk" bilen kesgitledi diýip, admintrasiýanyň uly derejeli resmisi aýtdy.


Ol ýerde başga öldürilen bolmady. 71 ýaşly Zawahri, “Al-Kaýdany” esaslandyryjy Osama bin Laden bilen birlikde, 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ABŞ-a edilen terrorçylykly hüjümlere gözegçilik etdi.


Bin Laden we al-Zawahri 2001-nji ýylyň ahyrynda Owganystandaky ABŞ güýçlerinden gaçyp gutuldy we Zawahriniň nirede gizlenýändigi şu wagta çenli belli däldi.


Zawahri 2011-nji ýylda, Bin Laden Pakistanda ABŞ güýçleri tarapyndan guralan hüjümde öldürilenden soň “Al-Kaýdanyň” lideri boldy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса