Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Lawrow Moskwanyň ABŞ bilen tussag çalyşmak maslahatyny etmäge taýýardygyny aýdýar

0
Lawrow Moskwanyň ABŞ bilen tussag çalyşmak maslahatyny etmäge  taýýardygyny aýdýar

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 5-nji awgustda Moskwanyň Waşington bilen tussag alyşmak meselesini maslahatlaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Lawrow rus kazyýeti ABŞ-ly basketbol ýyldyzy Brittni Grineri neşe gaçakçylygynda günäkär tapyp, dokuz ýyl türme tussaglygyna höküm edeninden bir gün soň çykyş etdi

Bu jeza möhleti dünýä sportundaky egindeşleriň we türgenleriň gaharyny getirdi, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ony "kabul ederlik däl" diýip atlandyrdy.

"Biz bu temany ara alyp maslahatlaşmaga taýýar, ýöne prezidentler [Wladimir] Putin we Baýden tarapyndan ylalaşylan kanalyň çäginde" diýip, Lawrow 5-nji awgustda Kambojada, ASEAN duşuşygynyň çäginde guralan metbugat ýygnagynda aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 29-njy iýulda telefonda gürleşip, alyş-çalyş teklibini ara alyp maslahatlaşdy. 

Blinken Griner we ABŞ-nyň öňki deňizçi esgeri Pol Whelan barada gürrüň edilýändigini aýtdy.

Korporatiw howpsuzlyk işgäri bolan Whelan 2020-nji ýylda içalyçylyk aýyplamasy bilen 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol bu aýyplamalary ret edýär.

ABŞ çeşmelerine salgylanýan habarlarda ruslaryň bu iki adamy ýarag söwdagäri Wiktor Bout bilen çalyşmakçy bolýandyklary aýdylýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Уимблдон

Финалистка юниорского Уимблдона-2023 получила временное отстранение за допинг






Госдума утвердила Новака вице-премьером России

Военнослужащая из Истры получила орден Мужества

Когогин и Собянин дали старт производству по технологии полного цикла на «Москвиче»

Биография Владимира Путина