Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

ABŞ-nyň Türkmenistandaky baş ilçisiniň wezipesine Elizabet Rud hödürlendi

0
ABŞ-nyň Türkmenistandaky baş ilçisiniň wezipesine Elizabet Rud hödürlendi

ABŞ-nyň prezident Jo Baýden Elizabet Rudy (Elizabeth Rood) Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky baş ilçisiniň wezipesine hödürledi diýip, Ak tam 3-nji awgustda habar berdi.

Rud iňlis dilinden başga fransuz, rus, nemes, puştun, dari we gürji dillerinde gürleýär.

Geňeşçi-ilçi derejesindäki ýokary derejeli diplomat, ABŞ-nyň daşary diplomatik edarasynda uzak wagt bäri işleýän Elizabet Rud şu ýylyň iýun aýyndan bäri Moskwada, ABŞ-nyň Russiýadaky diplomatik wekilhanasynyň başlygynyň orunbasary bolup işleýär.

Rus Moskwa gelmezinden öň ABŞ goşunynyň Harby kolležinde mugallym-geňeşçi bolup işledi.

Şondan öň, 2017-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli Tbiliside, ABŞ-nyň Gürjüstandaky ilçihanasynda diplomatik wekilhananyň başlygynyň orunbasary, 2014-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli Kabulda, ABŞ-nyň Owganystandaky ilçihanasynyň syýasy geňeşçisi bolup işledi.

Rud Döwlet departamentiniň birnäçe býurosyna, şol sanda şol sanda Halkara howpsuzlygy we ýaraglary ýaýratmazlyk býurosynyň ýanyndaky eksport gözegçiligi hyzmatdaşlygy edarasyna, Ýewropa we Ýewraziýa meseleleri býurosynyň ýanyndaky Kawkaz meselelri we sebitara konfliktleri bölümine, Daşarky gulluk institutynyň Durnuklylyk amallary bölümine ýolbaşçylyk etdi.

Şeýle-de, Rud ABŞ-nyň Pakistanyň Peşawar şäherinde ýerleşýän baş konsullygynyň müdiri bolup işledi.

Ol Owganystanyň Paktika sebitinde ABŞ-nyň sebit dikeldiş toparynda Döwlet departamentiniň wekili, ABŞ-nyň Dagly-Garabag, Abhaziýa, Günorta Osetiýa we Prednestrowýe bilen baglanyşykly konfliktler boýunça ýörite gepleşikçisiniň orunbasary weziplerinde hem tejribe toplady.

Bulardan başga, Elizabet Rud Awstriýanyň Wena şäherindäki Halkara guramalaryna wekilçilik edýän ABŞ missiýasynda, ABŞ-nyň Germaniýanyň Dýuesseldorf şäherindäki baş konsullygynda, ABŞ-nyň Wenadaky we Moskwadaky ilçihanalarynda dürli wezipelerde işledi.

Rud, öz işinde gazanan uly netijeleri üçin Döwlet departamentiniň ençeme sylagyna, şol sanda diplomatik gullugyň öňünde bitiren görnükli hyzmatlary üçin berlen üç baýraga mynasyp boldy.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisiniň wezipesini 2019-njy ýylyň iýun aýyndan bäri Mätýu Stiwen Klimow (Matthew S. Klimow) ýerine ýetirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Лучший теннисист Казахстана сдал позиции в чемпионской гонке ATP






В мини-футбольном клубе «Поморье» сменился главный тренер

Часть Крылатского вновь оказалась без флагов

Акции в Азии выросли после оптимистичного дня на Уолл-стрит

Лукашенко разыграл сценку с военными, неуклюже оправдываясь за то, что ему стало плохо на параде в Москве