Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Pakistan Talybanynyň üç serkerdesi Owganystandaky partlamada öldi

0
Pakistan Talybanynyň üç serkerdesi Owganystandaky partlamada öldi

Owganystanyň günorta-gündogarynda bolan partlamada üç sany uly derejeli serkerdesiniň öldürilmegi "Tehrik-e-Talyban Pakistan" (TTP) ýa-da "Pakistan Talybany" ady bilen tanalýan gurama urlan agyr zarba boldy diýip, Azatlyk radiosynyň Pakistan gullugy, Maşal radiosy 7-nji awgustda habar berdi.

Öldürilen serkerdeleriň arasynda TTP-niň iň täsirli we rehimsiz liderleriniň biri hasaplanýan Abdul Wali lakamly Omar Halid Horasani hem bar. Öldürilen serkerdeleriň beýleki ikisi Hafiz Dawlat we Müfti Hasan diýlip bilindi.

Bu erkekler 7-nji awgust agşamy Owganystanyň Paktika welaýatynyň Birmal etrabyna gelenlerinde, münüp gelýän ulaglary ýol ýakasyndaky minanyň üstünden bardy diýip, anonimlik şertinde gürleşen çeşme aýtdy. Aýdylmagyna görä, bu üç serkerde Owganystanyň Kunar we Nangarhar welaýatlarynda bolýan eken.

Serkerdeler Birmala “maslahatlaşmak üçin” geldiler diýip, çeşme goşmaça maglumat bermezden aýtdy.

Bu habar pakistan häkimiýetleriniň parahatçylyk ylalaşygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin söweşiji toparyň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirýän wagtyna gabat geldi. Soňky iki aýda TTP bilen Pakistan goşunynyň arasynda ýaraşyk ylalaşygy baglaşylypdy.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Саснович вышла в третий раунд турнира WTA-1000 в Риме






Москву и область ждёт похолодание в ночь на 12 мая

Владимир Путин установил звание «Заслуженный работник избирательной системы»

Удар Зобнина принес «Спартаку» победу над «Краснодаром»

«Лестница в небо». В Москве прошел показ фильма о фехтовании на Олимпийских играх в Токио