Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Özbegistanda türkmen maýa goýumlarynyň hasabyna 174 kärhana döredildi

0
Özbegistanda türkmen maýa goýumlarynyň hasabyna 174 kärhana döredildi

Hökümetçi “Türmenportal” neşiri Özbegistanda türkmen maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda 174 kärhananyň döredilendigini habar berýär.

Özbek kärhanalarynda ýatyrylan maýalaryň möçberleri, döwlet ýa hususy pudaga degişlidigi anyklaşdyrylmaýar.

Neşiriň özbek prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp ýazmagyna görä, häzirki wagtda Özbegistanyň çäginde goňşy ýurtlaryň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda döredilen 1 700 sany bilelikdäki kärhana hereket edýär.

Özbegistanyň Ykdysady barlaglar we reformalar merkeziniň maglumatyna görä, Daşkent bilen Aşgabadyň daşary söwda gatnaşygyndaky paýy umumy söwda dolanyşygynda — 2,1%, eksportda — 1,2% we importda — 2,8%-e barabar boldy.

2021-nji ýylda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň mukdary 902 million dollar bolup, bu 2020-nji ýylyň netijeleri bilen deňeşdirilende 67,6% ýokarlanma bolandygyny görkezýär.

Şol bir wagtda, iki ýurduň arasyndaky söwdanyň 2022-nji ýylyň ýanwar-maý aýlaryndaky pul möçberi 322,6 million dollar bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,2% artdy diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de habarda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň özbek-türkmen ulag kompaniýalaryny döretmegi teklip edýändigi aýdylýar.

Neşir Türkmenistanda özbek maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda näçe kärhananyň döredilendigini aýtmaýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Анна Блинкова

Россиянки Аванесян и Блинкова вышли во второй тур турнира в Риме






ЕС в июне хочет запретить реэкспорт российского СПГ через Европу в третьи страны

В Милане и Неаполе прошли шествия «Бессмертного полка»

Минобороны показало работу летчиков пилотажных групп с парада Победы с высоты

Традициям верны: 91-я эстафета «Серебряная ладья» прошла в День Победы