Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Türkmen prezidenti mejlis geçirip, ýurduň ykdysady ösüşinden kanagatlanýandygyny aýtdy

0

Serdar Berdimuhamedow 12-nji awgustda, Hazar kenarynda dynç alýan ýerinde Ministrler kabinetiniň göçme mejlisini geçirip, resmileriň ýylyň ýedi aýy boýunça beren hasabatlaryny diňledi, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,1% bolandygyny belledi.

Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy diýip, TDH ýazýar.

Mejlisiň dowamynda, adatça bolşy ýaly, ähli ugur boýunça uly ösüş sanlary getirildi. Mysal üçin, anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, soňky ýedi aýda “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça "ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 120 göterime barabar boldy”.

Bu mejlis prezidentiň Hazar deňzinde geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyp, ýurduň deňiz güýçleriniň kuwwaty bilen tanyşmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Mundan öň ol Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşypdy.

Şeýle-de, ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haklarynyň, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlanandygy aýdylýar, emma, adatça bolşy ýaly, inflýasiýanyň derejesi aýdylmaýar.

Synçylar Türkmenistanyň soňky ýyllarda öz taryhyndaky iň agyr ykdysady çökgünligi başdan geçirýändigini, işsizligiň görlüp-eşidilmedik derejelerde ösendigini, ilatyň ýyl-ýyldan garyp düşýändigini öňe sürýärler.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Шнайдер вышла в третий круг турнира WTA-1000 в Риме, победив Самсонову в российском дерби






Уроженцы Псковской области стали участниками парада Победы на Красной площади

В театр «Ульгэр» в Бурятии ГИБДД обучило детей безопасноти - Россия, дети и культура, безопасость на дорогах

Лукашенко отдал куртку ветерану ВОВ на параде Победы в Москве

Жители Воскресенска отпраздновали День Победы в усадьбе Кривякино