Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

ÝB "Talybany" dolandyryşynyň birinji ýyl dönüminde "öz içine alyjy syýasy ulgam" döretmezlikde tankyt etdi

0
“Talyban” öz içine alyjy syýasy ulgam döredip bilmedi diýip, Ýewropa Bileleşigi (ÝB) aşa yslamçy hereketiň dolandyryşdaky birinji ýyl dönüminiň bosagasynda ony aýyplady.


“Ilat, şol sanda etniki we dini toparlar we hususan-da hazaralar hem-de şaýy ilaty özleriniň ykdysady, sosial, medeni, raýat we syýasy hukuklarynyň sistematik görnüşde kemsidilmegini başdan geçirýärler” diýip, ÝB-niň daşary işler edarasynyň metbugat sekretary Nabila Massrali 14-nji awgustda beren beýanatynda aýtdy.


“Talyban” 2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda Kabuly ele geçirip, 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabr hüjümleriniň yz ýany ABŞ çozuşy bilen hökümetden agdarylan aşa hereketi Owganystanda tas 20 ýyl soň gaýtadan häkimiýet başyna getirdi.   


Heniz hiç bir ýurt “Talyban” dolandyryşyny ykrar etmedi.


Ilkibaşda häkimiýet başynda bolan ozalky döwründen has aram boljakdygyny yşarat eden “Talyban” aýallaryň hukuklaryny basgylap, metbugata gözegçiligi güýçlendirip, hem-de tankyda sähelçe rugsat berip, ýene aşa çyzgysyna dolandy.


ÝB-niň ýazgaryşy Kabulda aýallaryň “çörek, iş we erkinlik” talap edip geçiren demonstrasiýasy “Talyban” söweşijileri tarapyndan asmana ot açylyp, hem-de protestçiler ýenjilip zorlukly dargadylmagynyň ertesi gününe gabat geldi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса