Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Yslam raýdaşlyk oýunlarynda 10 medal gazandy

0
Hökümetçi “Arzuwnews” neşiri Türkiýäniň Konýa şäherinde Yslam raýdaşlygy oýunlaryna gatnaşýan türkmen türgenleriniň şu wagta çenli 10 medal gazanandygyny habar berýär.


Neşiriň ýazmagyna görä, V Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň ýapylyş dabarasy 19-njy awgustda bolar. Bu oýunlara jemi 56 ýurtdan 4 müňden gowrak türgen gatnaşýar.


Türkmenistandan ýaryşa 80 türgen gatnaşýar we olar şu güne çenli 10 medal gazandy. Türkmenistandan gelen agyr atletikaçy zenanlar aýratyn tapawutlandylar. Olaryň tagallasy milli ýygynda 9 altyn, 2 kümüş we 4 bürünç medal getirdi. Bürünç medaly grek-rim usulynda göreşýän pälwan Azatjan Açylow gazandy.


Häzirki wagta çenli türkmen topary umumy medal sanawynda 13-nji ýerde durýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса