Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Ýerewan bazarynda turan ýangynda azyndan alty adam öldi, 16 adam tapylmaýar

0
Ýangyn söndürijiler Ýerewanyň uly bazarynda bir gün ozal bolan partlama esasynda dörän ýangyna garşy göreşýärler, ýangyn azyndan alty adamyň ölmegine, onlarça adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.


Ermenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň resmisi Gary Armaganýanyň sözlerine görä, bu ýerdäki halas ediş işleri 15-nji awgustda hem dowam etdirildi, 16 adam şindi hem tapylmaýar.


"Häzirki wagtda ýangyn söndüriş we gözleg, halas ediş işleri dowam edýär, ýangyn entek doly öçürilmedi, gözleg işleri dowam etdirilýär" diýip, Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugy habar berýär.


Surmalu bazarynda bolan partlamadan we ýangyndan soň birnäçe adam harabalygyň aşagynda galdy, Ýerewan asmanyny goýy tüsse buludy gaplady. Partlama feýerwerkleriň saklanýan ýerinde boldy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса