Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Gazaklar weteran oppozisiýa syýasatçysy Tursymbaýew bilen hoşlaşdylar

0
Maşgalasy, dostlary, kärdeşleri, oppozisiýa aktiwistleri, jemgyýetçilik işgärleri we žurnalistler 16-njy awgustda 14-nji awgustda tarpa-taýyn aradan çykan hökümet tankytçysy Baltaş Tursymbaýew bilen hoşlaşdylar.


Tursymbaýew 75 ýaşynda ýürek keselinden ýogaldy.


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we öňki prezident Nursoltan Nazarbaýew Tursymbaýewiň garyndaşlaryna ýazmaça gynanç hatyny iberdiler.


Russiýada doglan Tursymbaýew 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargap, nebite baý Gazagystan garaşsyz ýurt bolanyndan soň, premýer-ministriň orunbasary, oba hojalygy ministri, sebit häkimi, Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary we Türkiýedäki ilçi ýaly, dürli derjedäki ýokary wezipelerde işledi.


Tursymbaýew 1999-njy ýylda oppozisiýa goşuldy we şondan bäri garaşsyzlykdan soňky ilkinji prezident Nazarbaýewi we onuň oruntutary Kasym-Žomart Tokaýewi berk tankytlaýardy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса