Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Türkmenistanda zenanlaryň ilkinji hakatony geçirildi

0
BMG-niň Aşgabatdaky binasynda Türkmenistanyň ilkinji aýallar hakatony geçirildi diýip, hökümetçi “Türkmenportal” neşirihabar berýär.


Halkara ýaşlar gününe bagyşlanyp geçirilen çäre aýal-gyzlara IT pudagyndaky endikleri ele almak mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edindi.


Hakatonyň maksady innowasiýa ideýalarynyň döredilmegi üçin platforma gurmakdan, maglumat tehnologiýalary pudagynda işlejek zenan işläp düzüjileri has köpeltmekden ybarat.


Tehnologiki taslamalary döretmek, innowasiýa ideýalaryny öňe sürmek we sanly çözgütleri işläp düzmek boýunça iki gün dowam eden marafona 35-den gowrak zenan programmist (9 topar) gatnaşdy.


Her topar üçin ýumuş hökmünde jyns deňligini ilerletmegi maksat edinýän we aýal-gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini işe, okuwaýerleşdirmek arkaly giňeltmegä kömek berýän web programmasyny döretmek tabşyryldy.


Hakatona gatnaşyjylaryň ählisi ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň howandarlygyndaky alty aýlyk “Launch Life Coding” taslamasynyň çäginde öňünden web sahypalary we amaly programmalary işläp düzmegi öwrendiler diýip, habarda aýdylýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса