Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

BMG wekili Hytaýyň Sinjiaňda ulanýan mejbury zähmetiniň 'gulçulyga' barabardygyny aýdýar

0
BMG wekili Hytaýyň Sinjiaňda ulanýan mejbury zähmetiniň 'gulçulyga' barabardygyny aýdýar

BMG-niň garaşsyz bilermeni Hytaýyň musulman uýgurlaryny we beýleki azlyklary oba hojalygynda we önümçilikde mejbury işlemäge mejbur etmegine adamzada garşy "gulçulyk jenaýaty" hökmünde seredilip bilinjekdigini aýtdy.

Uýgurlar esasan Merkezi we Gündogar Aziýa sebitlerinden gelip çykan we bu sebitleriň ilaty bilen medeni taýdan baglanyşykly türk etniki toparydyr diýip, habarda bellenýär.

Uýgurlary tussag lagerlerinde ýaşamaga mejbur eden hytaý resmileriniň Sinjiaň sebitiniň musulman ilatyna garşy ulanýan çemeleşmeleri ABŞ tarapyndan genosid diýlip atlandyrylan bolsa, BMG hytaý häkimiýetlerini uýgurlary bikanun tussag etmekde, zulum etmekde we mejbury zähmetde ulanmakda aýyplaýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, takmynan 2 million uýgur, gazaklar we Sinjiaňda ýaşaýan beýleki etniki toparlaryň agzalary Hytaýyň günbatar sebitinde gurlan ýörite tussaghanalarda saklanylýar.

Hytaý bu desgalaryň tussaghanadygyny inkär edýär we olaryň terrorçylygy, separatizmi we dini radikalizmi ýok etmek üçin zerur bolandygyny aýdýar.

Emma bu sebitden gaçyp çykan adamlar resmi taýdan bilim lagerleri diýlip atlandyrylýan desgalarda müňlerçe adamyň “syýasy taglymat” nukdaý nazaryndan gaýtadan terbiýelenýändigini aýdýarlar.

BMG-nyň häzirki zaman gulçulygy boýunça ýörite hasabatçysy Tomoýa Obokata tarapyndan 16-njy awgustda çap edilen hasabatda aýdylmagyna görä, Hytaýyň ‘täzeden terbiýeleýiş’ lagerlerinde işçileriň üstünden garaýan adamlara berlen ygtyýalyklaryň tebigaty we gerimi, şol sanda olara edilýän aşa berk gözegçilik, zulum-sütemli ýaşaýyş we iş şertleri “adamzada garşy ulanylýan gulçulyk jenaýaty hökmünde görlüp, has kän garaşsyz derňewe sezewar edilip bilner”.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Арина Соболенко

Соболенко испытала проблемы после снятия Рыбакиной с турнира в Риме






"Цена взлетит в небо": эксперт объяснил, что стоит заранее купить россиянам

Интрига в Кремле и майские морозы: резонансные новости недели

Племя Гунны: рэпер из США в меланхолии, наш Баста — в музлитературе

Тарифы на железнодорожные перевозки из Китая в Россию и Белоруссию резко возросли