Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Hökümetçi neşirler ýurtda çap edilmeýän maglumatlary daşary ýurt neşirlerinden alýar

0
Hökümetçi neşirler ýurtda çap edilmeýän maglumatlary daşary ýurt neşirlerinden alýar

Türkmenistanyň hökümetçi neşirleri ýurduň eksport edýän ýangyjy baradaky maglumatlary daşary ýurt neşirlerine salgylanyp habar berýärler.

Özbegistan 2022-nji ýylyň geçen alty aýynda Türkmenistandan 11,7 million litr benzin import etdi diýip, “BiznesTürkmenistan” neşiri özbek metbugatyna salgylanyp habar berýär.

“Podrobno.uz” täzelikler saýtynyň Özbegistanyň Döwlet statistika komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistan Özbegistany ýangyç bilen üpjün etmekde Russiýadan soň ikinji döwlet boldy.

Habarda aýdylmagyna görä, şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistan Özbegistana umumy bahasy 35,9 million ABŞ dollaryna barabar benzin (60,6 million litr) iberdi.

Mundan başga, “Interfax-Azerbaijan” agentliginiň maglumatyna görä, Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Azerbaýjana AI-92 görnüşli benziniň 36 müň 571 tonnasyny eksporty (41,73 million ABŞ dollaryndan gowrak) eksport etdi.

Bu Türkmenistanyň Azerbaýjany ýangyç bilen üpjün etmekde Russiýadan soň ikinji döwlet bolandygyny aňladýar.

Hökümetçi “Türkmenportal” neşiri bolsa, Russiýanyň “Interfaks” habar gullugyna salgylanyp, Türkmenistanyň Azerbaýjana iberen gazynyň bahasynyň 31 million dollardan gowrak bolandygyny aýdýar.

“Interfaksyň” Azerbaýjanyň hökümetine salgylanyp ýazmagyna görä, şu ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda Azerbaýjan Türkmenistandan 292 million 855,73 müň kub metr türkmen gazyny import etdi. Habarda Türkmenistanyň Azerbaýjana iberen gazynyň umumy bahasynyň 31 million amerikan dollaryndan gowrak bolandygy hem bellenilýär.

Hökümet mejlisinde yglan edilýän we näderejede ygtybarlydygy bilinmeýän sanlary çap edýän türkmen metbugaty köplenç beýleki ýurtlar aradaky ýangyç söwdasynyň açyk görkezijilerini çap etmeýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Карен Хачанов

Теннисист Хачанов вышел в третий круг "Мастерса" в Риме






Грядёт девальвация рубля и «обнуление» сбережений: эксперт предупредил о шоках

Действующий президент Литвы Науседа победил в первом туре выборов

Начало мая в европейской части РФ стало самым холодным за всю историю

Курс доллара на Мосбирже растет до 92,39 рубля, юань торгуется по 12,69 рубля