Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Prezident dikuçardan Aşgabatdaky gurluşyklary synlady, täze taslamalar bilen tanyşdy

0
Prezident dikuçardan Aşgabatdaky gurluşyklary synlady, täze taslamalar bilen tanyşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji awgustda dikuçarda paýtagtyň üstünden aýlanyp, Aşgabatda gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy.

TDH-nyň ýazmagyna görä, döwlet baştutany "ähli gurulýan desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi".  

Türkmenistanda prezidentiň dikuçarda şäheriň üstünden aýlanmagy we soňra işleriň barşy bilen ýerinde tanyşmagy, täze taslamalary tassyklamagy ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow tarapyndan başlanyp, Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident bolan döwründe döwlet eýeçiligindäki telewideniýede ýygy-ýygydan görkezilýän telesýužete öwrüldi.

Türkmen mediasynyň yzygiderli tassyklamagyna görä, paýtagtda gurulýan desgalar ýurduň "iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan edilen adamlaryň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigini görkezýän aýdyň subutnama” bolup durýar.

Prezidentiň dikuçarly iş sapary Ahal welaýatynyň täze edara merkeziniň gurluşyk meýdançasynda bir işçiniň pajygaly ýagdaýda heläk bolmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlygyň çeşmesi bu betbagtçylygyň howpsuzlyk kadalarynyň bozulmagy sebäpli ýüze çykandygyny, bu iş bilen bagly birnäçe adama garşy jenaýat işiniň gozgalandygyny aýtdy. Ýöne, merhumyň işdeş ýoldaşlarynyň sözlerine görä, iş wagtynda ýogalan işçiniň ýakynlaryna hiç hili ýardam hödürlenmedi.

Türkmen häkimiýetleri iş ýerinde heläk bolýan işçiler, agyr iş şertleri, aýlyklaryny wagtynda alyp bilmeýän raýatlar barada syzyp çykýan habarlara hiç bir düşündiriş bermeýärler.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Касаткина обыграла Марию и вышла в третий круг турнира WTA-1000 в Риме






Патриотическая акция «Вальс победы» прошла в Лобне

Тулячка представит свой детский книжный клуб на международном конкурсе в Москве

«Фонтанка»: 19-летний москвич спасал пассажиров тонущего в Мойке автобуса

Чешская полиция объявила в розыск "генерала российской военной разведки"