Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

HRW täjigistanly aktiwistleriň işlerinie  adalatly seredilmeýändigini aýdýar

0
HRW täjigistanly aktiwistleriň işlerinie  adalatly seredilmeýändigini aýdýar

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasy Täjigistanyň häkimiýetlerini Merkezi Aziýa döwletiniň durnuksyz Dagly-Badahşan awtonom sebitiniň ýaşaýjylaryny "nädogry tussag etmegi" bes etmäge çagyrdy. Bu sebitde maý aýynda geçirilen protestlerden bäri onlarça adam tussag edildi we "ýapyk, adalatsyz kazyýet seljermelerine sezewar edilýär".

HRW guramasynyň 23-nji awgustda çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, Täjigistanyň häkimiýetleri Dagly-Badahşanda 200-den gowrak ýaşaýjyny, şol sanda azyndan 90 aktiwisti protestler we çaknyşyklar bilen baglanyşykly aýyplamalar esasynda tussag etdi.

Aýyplanýanlaryň käbiri Russiýada ýitirim boldy we, aýdylmagyna görä, kazyýet işi üçin, zor bilen Dagly-Badahşana getirildi.

HRW-nyň Merkezi Aziýa boýunça barlagçysy Siýnat Soltanaliýewa bu sebitiň onlarça aktiwistiniň we ýerli ýaşaýjylarynyň bir toparynyň "ýapyk gapylaryň aňyrsynda adalatsyz kazyýet işi bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny, olaryň aklawçylarynyň hem ýokdugyny" aýtdy.

"Aklawçylary bolmasa, günäkärlenýänleriň işleri adalatly seljerilip bilinmez, şeýle-de olar ýokary derejedäki gynamalar we beýleki ýowuz daraşmalar, zulum töwekgelligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar” diýip, Soltanaliýewa aýtdy.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Хачанов победил Шевченко во втором круге турнира ATP в Риме






Портрет современного инженера составили в ОЭЗ «Технополис Москва»

«Авто уничтожено огнем»: на трассе в Смоленской области произошла серьезная авария

Российское высшее образование — одно из лучших в мире, заявили в правительстве Вьетнама

Нарколог Холдин: курение сокращает жизнь на 7–15 лет