Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

"Baýlar baýaýarlar, garyplar bolsa garyplaşýar". WIDEO

0

Gazagystanda ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy yzygiderli gymmatlaýar, ilkinji gezek satylýan täze jaýlarda-da, ikinji elden satylýan jaýlarda-da bahalar çalt ýokarlanýar. Gazagystanyň Milli statistika býurosynyň habaryna görä, täze ýaşaýyş jaý bazaryndaky ýyllyk bahalaryň köpüsi Aktöbede 32,5%, Nur-Sultanda – 28% golaý, Ust-Kamenogorskde hem 26% ýokarlandy. Ikinji gezek satylýan ýaşaýyş jaýlaryň bazarynda, bahalaryň ýokarlanmagynda Gyzylorda (44%), Ust-Kamenogorsk (43,7%), Taldykorgan (43,4%) we Nur-Sultan (41,3%) ýaly şäherler öňde barýarlar. Bahalaryň ýokarlanmagy sebäpli gazagystanlylar özlerine jaý almagy barha azaldýarlar.

Hünärmenler ýaşaýyş jaý bahalarynyň ýokarlanmagyny belli derejede hökümetiň ipoteka maksatnamasy bilen düşündirýärler. Şeýle programmalara laýyklykda, karzlar boýunça pes göterimler ýaşaýyş jaýyna bolan islegi ýokarlandyrýar we şol islege laýyklykda ýaşaýyş jaýynyň her metr meýdanynyň bahasy-da ýokarlanýar. Şeýle-de bolsa, döwlet maksatnamalarynyň ýatyrylmagy entek hökümetiň gün tertibinde däl: Gazagystanda, esasanam uly şäherlerde ýaşaýyş jaý meselesi ýiti bolmagynda galýar.

“Eger bar bolan talaplara nähilidir ýeterlik täsir edilse, ol talap birden azalar, belki, bahalar hem aşaklap biler, ýöne munuň özi başga goşmaça problemalaryň ýüze çykmagyna getirer. Şondan soň girew derejesiniň bazar bahasynyň gaýtadan kesgitlenmegi netijesinde, ýokary basyşlara sezewar bolarlar" diýip, ykdysatçy Galymžan Aýtkazin belleýär.

Mundan başga-da, ykdysatçy arzan ipoteka maksatnamalarynyň çäklendirilmeginiň ýaşaýyş jaý meýdanyny satyn almak islegini uzak wagtlap doňduryp biljekdigini, munuň netijesinde gurluşyk pudagynyň krizise düşüp biljekdigini duýdurýar. Ykdysatçy Aýtkazin Gazagystanyň ýaşaýyş jaý bazaryndaky bahalaryň düýpgöter peselmegine garaşmagyň hökman däldigini aýdýar.

Gozgalmaýan emläk meseleleri boýunça agent Anara Mukaýewa Nur-Sultanyň meşhur bolmadyk ýerlerinde, ýaşaýyş jaý meýdanynyň bahasynyň ýokarlanmajagyna ynanýar. Onuň pikirine görä, şäheriň çet ýerlerindäki kwartiralara bolan isleg mydama pes bolupdyr, şonuň üçin ol kwartiralary satmagyň ýeke-täk usuly bahany peseltmek. Ýöne gozgalmaýan emläk agenti täze jaýlaryň bazarda bahalaryň ýokarlanmagy bilen doly ylalaşýar. Ol muny gurluşyk kompaniýalarynyň ýitgi çekip işlemejekdigi hem-de gurluşyk materiallarynyň bahasynyň soňky ýyllarda birden ýokarlanmagy bilen düşündirýär.

"Gurluşykçylar gurluşyk materiallarynyň bahasyna laýyk öz hasaplaryny işläp düzýärler. Olaryň öň gurluşyga goýan pullary indi ýeterlik däl. Eger öň “Comfort Plus” diýilýän 33 inedördül metr jaýlary on bir milliona (takmynan 23 müň dollar) almak mümkin bolsa, indi gymmat. Häzirki wagtda 36-40 inedördül metr meýdanly kwartiralary öňki bahadan (35 müň dollar töweregi) tapmak kyn" diýip, Mukaýewa aýdýar.

​Kwartiralaryň bahalarynyň ýokarlanmagy bilen bilelikde, jaýlaryň kärende bahasy-da has gymmatlady. Ortaça, ýurtda alty aý üçin kireý haklary 20% ösdi. Üstlerinde üçeginiň bolmagyny isläp pul tygşytlamakdan bizar bolan gazagystanlylaryň köpüsi jaý edinmek arzuwynyň hasam kynlaşandygyny aýdýarlar.

"Häzir bar zat gymmatlaýar. Baýlar baýaýarlar, garyplar bolsa garyplaşýar. Men ýerli ýaşaýjy bolsam-da, ýöne ýaşamak örän agyr. Adamlaryň aýlyklary we pensiýalar hiç zada ýetmeýär" diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri zeýrenýär.

"Takmynan aýdylanda, ýylda bir ýa-da iki million üýtgeýär. Bir million gymmatlaýar" diýip, Gazagystanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary aýdýarlar.

"Habarda köne ýaşaýyş jaýlarynyň bahasynyň peselendigi aýdylýar. Hakykatda bolsa beýle däl. Bu ýerdäki esasy jaý, çep kenarda, olar, elbetde, gymmat. Muny olar gurluşyk materiallary sebäpli gymmat diýýärler" diýip, Nur-Sultanyň başga bir ýaşaýjysy düşündirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Рафаэль Надаль

Рафаэль Надаль первым в истории тенниса выиграл 200 матчей на грунтовых «Мастерсах»






Фридзон сообщил, что Овечкин прилетел в Москву

Вскрыли САМЫЙ ДОРОГОЙ ЗАБРОШЕННЫЙ КОНТЕЙНЕР а там.

«Абсолютно свободно»: Московский зоопарк показал общающуюся с гостями Катюшу

Свыше тысячи спортсменов стали участниками полумарафона в Коломне