Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Maryda býujet işgärlerinden pagta ýygymy üçin pul ýygnalýar

0
Maryda býujet işgärlerinden pagta ýygymy üçin pul ýygnalýar

Türkmen häkimiýetleri pagta ýygymynda mejbury zähmetden peýdalanyp, ýurduň oba hojalyk pudagyny belli bir derejede býujet işgärleriniň hasabyna dolandyrmagy dowam etdirýärler. Mary welaýatynyň edara-kärhanalarynyň käbirinde işgärler pagta ýygmak üçin ekin meýdanlaryna iberilse, käbirinde işgärlerden hakyna tutuljak ýygymçy işçiler üçin pul ýygnalýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy we çeşmesi habar berdi.

"Maryda pagta ýygymy başlandy. Bu bolsa, býujetçileriň aýlyk haklaryndan pagta ýygymyna pul çöplemek möwsüminiň başlanandygyny hem aňladýar" diýip, maryly býujet işgäri anonimlik şertinde 25-nji awgustda gürrüň berdi.

Býujet işgärleriniň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, her edaradan günde azyndan 15 sany işgäri ýygym üçin pagta meýdanyna ugratmak talap edilýär. Edara ýolbaşçylary işgär ibermegiň deregine hakyna işçi tutýarlar.

"Geçen ýyllarda bolşy ýaly edara ýolbaşçylary bu işçiler üçin tölenjek pul serişdesini býujet işgärlerinden ýygnaýarlar. Býujet işgärleri hakyna tutulan her bir işgär üçin gündelik 40-50 manat töleýärler. Olar bu puly nagt tölemeli bolýarlar" diýip, býujet işgäri aýtdy.

Onuň sözlerine görä, býujetçiler häzirlikçe ekin meýdanlaryna diňe günin gidip, pagta ýygýan hakyna tutulan işçiler üçin pul tabşyrýarlar. Ýöne sentýabr aýyndan başlap, býujet işgärleri pagta ýygymyna ýatymlaýyn iberiljek işçiler üçin hem hak tölemeli bolarlar.

Sebitdäki başga bir çeşmämiz käbir edara-kärhanalarda bolsa, işgärleriň pagta ýygymyna gitmäge mejbur edilýändigini habar berýär.

"Pagta meýdanyna gezekleşip çykmaly bolýarys. Pagta gitmekden ýüz öwren işgärlere, geçen ýyllarda bolşy ýaly, işden kowulmak howpy abanýar" diýip, başga bir maryly býujet işgäri aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Mary welaýat häkimliginden we onuň oba hojalyk bölüminden kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda adatça pagta ýygym möwsümi resmi derejede sentýabr aýynda başlanýan bolsa-da, ýurduň aglaba sebitinde bu işlere awgust aýynda girişilýär. Bu döwürde edara-kärhanalaryň işgärleri pagta ýygmaga ýa-da özlerine derek hakyna işçi tutmaga mejbur edilýärler.

Şu ýyl hem şeýle tejribäniň amal edilýändigi barada habarçylarymyz 11-nji awgustda Balkan, 16-njy awgustda Mary we 23-nji awgustda Lebap welaýatlaryndan habar berdiler. Habarçylarymyz buýrugy berjaý etmedikleriň işden kowuljakdygy barada duýdurylandygyny hem aýtdylar.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini özüniň oba hojalyk pudagynda, hususan-da pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda berk tankyt edýärler. Türkmen hökümeti tankytlara resmi reaksiýa bildirmeýär.

Türkmen häkimiýetleri beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek we ýygnap almak işlerinde hem býujet işgärleriniň fiziki güýjünden ýa-da şahsy maddy serişdesinden peýdalanýarlar. Býujet işgärleri çürtüm we otag işlerine gatnaşmaga, ýeralma we şugundyr ýygnamaga, ýüpek gurçugyna ideg etmäge ýa-da bu işleri amal etmek üçin pul goşmaga hem mejbur edilýärler.

Şu ýyl Türkmenistanda 580 müň gektar meýdana gowaça ekildi we ondan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Анна Блинкова

Россиянки Аванесян и Блинкова вышли во второй тур турнира в Риме






Гвинейские военные попросили 16-летнего сына Кадырова обучить их стрельбе

В Наро-Фоминске ликвидировали крупный пожар в ангаре

Легковушка и две «Газели» загорелись на юге Москвы

Журналисты узнали, как живут вне России дети Марии Голубкиной и Николая Фоменко