Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Ermenistanyň we Azerbaýjanyň liderleri ýene ÝB araçylygynda gepleşik geçirer

0
Ermenistanyň we Azerbaýjanyň liderleri Brýusselde duşuşyp, Ýewropa Bileleşiginiň araçylygynda gepleşik geçirmek ylalaşygyna geldi diýip, Ermenistanyň hökümeti 25-nji awgustda aýtdy. 31-nji awgustda geçiriljek duşuşyga Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel hem gatnaşar.


Bu duşuşyk 1-3-nji awgustda bölüniji Dagly-Garabag sebitinde azyndan bir azerbaýjanlynyň we iki sany ermeni esgeriniň öldürilmegine getiren söweşden soň gurnalýar. Bolup geçen zorlukly wakalarda iki tarap hem biri-birini günäkärleýär.


Iki ýurduň liderleriniň arasyndaky soňky duşuşyk hem 22-nji maýda, Mişeliň başlangyjy bilen, Brýusselde geçirilipdi. Azerbaýjan bilen Ermenistan Dagly-Garabag meselesinde ençeme ýyl bäri oňuşman gelýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса