Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Türkmenistan döwlet nyrh syýasatynda 'bazar düzgünleriniň' gürrüňini edýär

0
Türkmenistan döwlet nyrh syýasatynda 'bazar düzgünleriniň' gürrüňini edýär

Wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow 26-njy awgustda geçirilen hökümet mejlisinde "döwlet maliýe serişdelerini netijeli ulanmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler" barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet baştutanynyň garamagyna býujet ulgamyny kämilleşdirmek baradaky degişli Kararyň taslamasy hödürlendi.

Täze karara gol çeken Serdar Berdimuhamedowyň sözlerine görä, "ykdysadyýeti sazlaşykly utgaşdyrmak köp babatda netijeli býujet ulgamyna bagly".

Döwlet nyrh düzgün-nyzamynyň bozulmagy üçin görülýän maliýe çäresini döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady bilen, degişli Düzgünnamanyň täze rejelenen görnüşi işlenip düzüldi diýip, TDH anyklaşdyrman habar berýär.

Türkmenistanda dowam edýän agyr walýuta, manat kynçylyklaryna garamazdan, prezidentiň pikiriçe,"döwletiň nyrh syýasatyny kadalaşdyrýan kanunçylyk-hukuk binýady... döwrüň talaplaryna we umumy ykrar edilen halkara ülňülerine laýyk gelýär”.

"Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň žurnalistleriniň çaklamalaryna görä, bu mejlisde “bazar gatnaşyklaryna geçmek” barada aýdylan sözler ilata döwlet dükanlarynda kesgitlenen bahadan azyk satmak "çykalgasyndan" kem-kemden ýüz öwrülmek ähtimallygyny duýdurýar.

Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, ýurtdaky agyr ykdysady şertler, işsizligiň ösmegi, türkmen manadynyň hümmetiniň peselmegi netijesinde girizilen kesgitli nyrhlar döwlet söwdasyndaky korrupsiýa has giň ýol açýar.

Bu ýagdaýy golaýda häkimiýetler hem boýun aldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 5-nji maýda geçirilen mejlisinde Ahal welaýatynyň, Aşgabat şäheriniň söwda bölümlerinde we dükanlarynda geçirilen barlaglaryň netijeleri, kesgitli bahadan berilýän uny we ösümlik ýagyny açyk söwdadan gizläp, gymmat bahadan satan raýatlaryň ýüze çykarylandygy aýdyldy.

Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, soňky ýyllaryň ykdysady çökgünligi we pandemiýa kynçylyklary netijesinde köp maşgala garyp düşdi, zibil çeleklerini dörýän, dilegçilik edýän adamlar, çagalar köpeldi.

Bu ýagdaýda döwlet dükanlarynda kesgitli bahadan berilýän azyk önümleri halkyň aglaba bölegi üçin 'zerurlyk bolup durýar' diýip, synçylar aýdýar. Emma türkmen hökümeti giň ýaýran korrupsiýany käte bölekleýin tassyklasa-da, dowam edýän ykdysady kynçylyklary, garyplygy boýun almaýar we ilatyň ýyl-ýyldan gowy ýaşaýandygyny öňe sürýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Анастасия Потапова вышла во второй круг турнира WTA-1000 в Риме






​Utair запускает прямые рейсы из Нижневартовска в Сочи

Собянин объявил о начале сборки «Москвича» по технологии полного цикла

Супруги из Нижнего Новгорода стали героями реалити-шоу «Клиника счастья. Реалити»

На выезде с Южной рокады на МСД идет строительство четырех путепроводов