Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Putin Gurbanguly Berdimuhamedowy ýene bir orden bilen sylaglady

0
Putin Gurbanguly Berdimuhamedowy ýene bir orden bilen sylaglady

Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Milli geňeşiniň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordenini bermek baradaky permana gol çekdi diýip, hökümetçi "Orient” näşiri "Interfaks” habar gullugyna salgylanyp ýazýar.

"Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan uly goşandy üçin Türkmenistanyň Milli geňeşiniň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglamaly” diýip, bäşinji gün hukuk maglumatlary portalynda çap edilen permanda aýdylýar.

Putin 2017-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistana eden saparynyň dowamynda türkmen kärdeşine Aleksandr Newskiý ordenini gowşurdy.

Bu ordeni bermek baradaky permana şol ýylyň iýun aýynyň aýagynda, Berdimuhmadowyň 60 ýaşynyň dolmagy mynasybetli gol çekildi. Şonda bu sylagyň oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy berkitmäge goşan goşandy üçin berlendigi aýdylypdy. Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa sapara gelen rus kärdeşini “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” diýen orden bilen sylaglady.

Rus lideri maý aýynda Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem “Dostluk” ordeni bilen sylaglady. Mundan öňki ýyllarda Putin onuň atasy Berdimuhammet Annaýewi hem orden-medal bilen sylaglapdy.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Касаткина обыграла Марию и вышла в третий круг турнира WTA-1000 в Риме






В администрации Клина рассказали, что владелицу упавшего в яму автомобиля лишат прав

Госдума утвердила Мантурова на посту первого вице-премьера России

В районе Марьино демонтировано незаконное строение ...

Кадетский бал в честь Дня Победы прошел в Воскресенске