Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Berdimuhamedowlar Aşgabatda "Gazpromyň" başlygy bilen energiýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

0
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi diýip, hökümetçi “Türkmenportal” neşiri rus habar gulluklaryna salgylanyp habar berýär.


Duşuşygyň dowamynda taraplar “ýangyç-energetika toplumynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada” pikir alyşdylar; “Gazpromyň” türkmen gazyny satyn almagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Ýöne habarda iki ýurduň arasyndaky gaz söwdasynyň gelejegi, taraplaryň bu meseledäki garaýyşlary barada hiç zat aýdylmaýar.


Şeýle-de, türkmen prezidenti bilen moskwaly emeldaryň “özara gyzyklanma bildirilýän käbir soraglar boýunça pikir alyşandygy” bellenilýär.


A.Miller Türkmenistanyň Milli geňeşiniň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem duşuşdy diýip, habarda aýdylýar.


Milleriň sapary Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Gurbanguly Berdimuhamedowa “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordenini bermek baradaky permana gol çekmeginiň yz ýanyna gabat geldi.




 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса