Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Türkmenistanyň raýatlarynyň ýene br topary Stambuldan Türkmenabada getirildi

0

27-nji awgustda Türkmenistanyň 300 töweregi raýaty Türkiýeden gaýdyp geldi. Ýörite uçar “Türkmenistan" awiakompaniýasy tarapyndan dolandyryldy. Bu aralykda Stambuldan we Minskden ýakyn hepdelerde ýene birnäçe uçaryň gelmegine garaşylýar. Bu barada Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri maglumat berdiler.

Stambuldan gelen uçar 27-nji awgustda sagat 19:30-da Türkmenabat şäherine geldi. Türkmen howa ýollarynyň "Boeing 777" kysymly uçarynda 295 adam watanyna gaýdyp geldi. Bu barada Azatlygyň Türkmenabadyň halkara aeroportundaky çeşmesi habar berdi.

Çeşmäniň sözlerine görä, sentýabr aýynda Stambuldan ýene 10 uçara garaşylýar, olardan 7-si Türkmenbaşy şäherine we 3-si Türkmenabatda barar.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky uçuşlar ýurduň raýatlary tarapyndan iň köp islenilýär. Türkiýede ýüzlerçe müň türkmenistanly ýaşaýar.

Stambuldan Türkmenistana guralýan ýörite reýsler orta hasapdan hepdede bir gezek amala aşyrylýar. Geçen gezek, 20-nji awgustda, "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň uçary 300 töweregi adamy Stambuldan Türkmenbaşa alyp bardy.

Ýaňy-ýakynda, türkmen häkimiýetleri Türkiýede galan raýatlaryny getirmek ugrundaky tagallalaryny birneme güýçlendirdi. Bu, Stambulyň aeroportunda ýüzelerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilen birnäçe protestden soň bolup geçdi. Öz-özünden ýygnan ýüzlerçe raýat Türkmenistandan öýlerine dolanmak üçin şert döretmegini talap etdi.

Ýurtda koronawirusyň bardygyny we onuň netijelerini inkär edýän türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başynda togtadylan halkara uçuşlary doly dikeltmedi. Adaty reýsler Dubaýa, Gazana we Moskwa gatnady. Maý aýynda Frankfurt şäherine yzygiderli gatnawlaryň täzeden başlanmagy barada habar berlen hem bolsa, Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda yzygiderli gatnawlar 27-nji awgustdan ýola goýuldy.

Frankfurtyň aeroportynyň resmi web sahypasyndaky tertibe laýyklykda uçuşlar her çarşenbe we şenbe günleri Aşgabat-Frankfurt-Türkmenabat ugurlarynda amala aşyrylar. Türkmenistandan Germaniýa biletiň bahasy 5 705 manat, Germaniýadan Türkmenistana - 6070 manat. Bu barada habar berýän “Orient” neşiri, biletlerini türkmen paýtagtyndaky “Turkmenhowayollary” agentliginde satyn alyp bolýandygyny ýazýar.

Türkmenabadyň aeroportundaky çeşme Frankfurtdan gelen uçarda 40 töweregi adamyň bolandygyny habar berdi.

Bu aralykda, "Türk howaýollary" şu ýylyň sentýabr aýynda Stambuldan Türkmenistana 9 sany ýörite uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada 15-nji awgustda "Türkmen howa ýollarynyň" wekillerine salgylanyp, onlaýn neşirler habar berdiler. “Orient” neşiri, "Türk howaýollarynyň" çarter uçuşlarynyň 2-nji sentýabrdan 30-njy sentýabr aralygynda her duşenbe we anna günleri Türkmenbaşy bilen Stambulyň arasynda amala aşyrjakdygyny habar berdi.

Bu aralykda, Azatlygyň Türkmenbaşydaky çeşmeleri uzak wagtlap daşary ýurtlarda bolup, soň ýurda gaýdyp gelýän türkmen raýatlarynyň howa menzilinde sorag edilýändigini habar berdi. Olaryň sözlerine görä, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri raýatlaryň bolan ýurtdaky ýagdaýlara garaýyşlary, şeýle hem prezidentiň syýasatyny tankytlaýan oppozisiýa bilen gatnaşygy barada gyzyklanýar.

Türkmenistan beýleki ýurlar, şol sanda Türkiýe bilen arasyndaky yzygiderli howa gatnawy global koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadyldy. Türkmenistan öz çäginde COVID-19-yň bardygyny häzire çenli ykrar etmedi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Анна Блинкова

Россиянки Аванесян и Блинкова вышли во второй тур турнира в Риме






Депутат Мособлдумы Черемисов поздравил Елизавету Терон с 9 Мая

Работу Wink и «Кинопоиска» могут приостановить за пропаганду ЛГБТ*

Сергей Собянин. Главное за день

Провалы грунта в Балашихе устранят в ближайшее время