Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Türkmenistanda şu ýyl 160 müňe golaý çaganyň 1-nji synpa barjakdygy aýdylýar

0

Türkmenistanda şu ýyl 159 müň 772 çaga 1-nji synpa okuwa barar diýip, hökümetçi “Türkmenportal”neşiri “Türkmenistan” gazetine salgylanyp habar berýär.

Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde 1-nji synpa barýan alty ýaşly çagalara kompýuter gowşurmak dabaralaryny gurnamak göz öňünde tutulýar.

Täze okuw ýylynda Türkmenistan boýunça 1882 sany orta mekdepde 1 million 574 müň 737 okuwçynyň, şol sanda 1-nji synplarda 159 müň 772 çaganyň, raýat ugurly 20 sany ýokary okuw mekdebinde 65 müň 242, orta hünär okuw mekdepleriniň 42-sinde 26 müň 479 talybyň )studentiň) okamagyna garaşylýar.

Döwlet eýeçiligindäki gazetiň maglumatyna görä, şu ýyl giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran 15 326 talyp (student) ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde öz saýlan hünärleri boýunça bilim alyp başlar.

2022-2023-nji okuw ýylynyň ilkinji sapagy “Halkyň Arkadagly zamanasy” ady bilen geçiriler diýip, habarda bilimdäki ideologiýa, wagyz-syýasat agdyklygynyň okuw ýylynyň ilkinji gününden dowam etdiriljekgi hem tassyk edilýär.

Soňky ýyllarda öz ýakyn taryhyndaky iň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän ýurtda çagalaryň tomsuna, okuw esbaplaryna pul ýygnamak üçin, dürli işlerde işlemäge mejbur bolýandygy habar berilýär.

Türkmenistanda wada berlen bilim özgertmelerine garamazdan, ýurduň orta mekdeplerini tamamlaýan ýaşlaryň arasynda okap, ýazyp bilmeýän uçurymlaryň hem az däldigi, ene-atalaryň köpüsiniň öz ogullarynyň hat ýazyp bilmeýändigini diňe goşun gullugyna alnanda soň bilip galýandygy habar berilýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Кто транслирует бой Табило против Джоковича на турнире Rome Masters 1000?






Врач Королева: зеленый картофель может спровоцировать отравление

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о новой комплексной программе в рамках нацпроекта «Семья»

Молодожены из Ишима представили Тюменскую область на свадебном фестивале

Свыше 100 тысяч ям отремонтировали в Подмосковье с начала сезона