Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Eýranyň häkimiýetleri studentleri zäherlemekde aýyplanýar

0
Eýranyň birnäçe talyp birleşigi, ýurduň iň azyndan dört uniwersitetinde köp sanly studentiň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygy baradaky habarlardan soň, häkimiýetleri bilkastlaýyn "yzygiderli zäherlemekde" aýyplady.


Eýranly talyplar bileleşiginiň geňeşleriniň 1-nji dekabrda beren maglumatyna görä, ýurduň birnäçe okuw jaýynyň, şol sanda Tähranyň golaýynda ýerleşýän Karaj şäherindäki Harazmi uniwersitetiniň naharhanalarynda nahar iýen studentler köpçülikleýin zäherlendiler.


Harazmi uniwersitetinde zäherlenenleriň sanynyň aşa köpdügi sebäpli ýokary okuw jaýynyň klinikasy näsaglan studentleriň hemmesine zerur saglyk bejergisini berip ýetişmedi.


Sentýabr aýynda Eýranda Mahsa Amininiň baş örtgüsini “nädogry” geýendigi üçin saklanyp, soňra-da tussaglykda ýogalmagyndan soň başlan protestlerde studentler öňdäki hatarlarda durýarlar.


Häkimiýetler häzirki güne çenli uniwersitetlerde dörän nägilelik protestlerine garşy berk çäre gördüler we onlarça studenti ýenjip, tussag etdiler.


Uniwersitet habarlaryny çap edýän kanalda zäherlenmeleriň "bilkastlaýyn" edilendigi we munuň resmileriň talyplary gorkuzmak synanyşygydygy aýdylýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса