Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Belli çeçen bloggeri, Kadyrowyň tankytçysy Şwesiýada öldürildi

0
Çeçenistanyň diýdimzor dolandyryjysy Ramzan Kadyrowyň belli tankytçysy Şwesiýada öldürildi.


Çeçen bloggeri Tumso Abdurahmanowyň egindeşleriniň Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna aýtmagyna görä, ol 1-nji dekabrdan 2-sine geçilýän gije atylyp öldürilipdir.


Şwed resmileri bu hadysa boýunça entek beýanat çap etmediler.


Çeçen oppozision Telegram kanaly “1ADAT” hem Abdurahmanowyň öldürilendigini tassyklady. Onuň 5-nji dekabrdaky habarynda Tumsonyň dogany, Mukhammad Abdurahmanowyň häzir şwed howpsuzlyk güýçleri tarapyndan goralýandygy hem bellenilýär.


36 ýaşly Abdurahmanowyň öldürilendigi baradaky habarlar ilki 1-nji dekabrda peýda bolup başlady. Emma olary şol wagt tassykladyp bolmady.


Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Kawkaz.Reali gullugy we çeçen oppozisiýa toparlary Abdurahmanow we onuň dogany bilen habarlaşyp bilmeýändiklerini belläpdiler. 2-nji dekabrda şwed resmileri Azatlyk Radiosyna Abdurahmanowyň nirededigi barada özlerinde maglumatyň ýokdugyny aýtdylar.  



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса