Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Darganatada aşa sowuk howa ilatyň gazynyň we suwunyň kesilmegine getirdi

0
Darganatada aşa sowuk howa ilatyň gazynyň we suwunyň kesilmegine getirdi

Türkmenistanyň çäklerine anomal sowuk howa aralaşdy. Ýurduň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasy gijelerine -15, gündizlerine -10 gradusa çenli ýetýär. Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda aşa sowuk howa ilatyň ýyladyş meselesinde, şeýle-de agyz suwy we gaz üpjünçiliginde bökdençlikleri döretdi. Bu ýagdaý öri meýdanlardaky mallaryň onlarçasynyň haram ölmegine hem getirdi.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, geçen hepdäniň ahyrynda duýdansyz gelen aşa sowuk howa ýaşaýyş jaýlarynyň käbirinde tebigy gaz turbalarynyň ýarylmagyna getirdi.

"Şenbe gününden ýekşenbe gününe geçilen gije Darganatanyň Gazojak şäherinde we obalarynda gaz turbalarynyň ençemesi ýaryldy. Netijede, häkimiýetler öýlere akdyrylýan gazy kesdiler. Käbir öýlere ýekşenbe güni agşam sagat 9 töwereginde gaz berildi. Sazakly, Gazojak, Ata kerwen obalarynda şu gün hem gaz kesildi" diýip, habarçy 5-nji dekabrda aýtdy.

Howa maglumatlaryny çap edýän "Weather.com" neşiriniň maglumatyna görä, 5-nji dekabrda Darganatada howanyň temperaturasynyň gündiz -8 we gije -18 gradus bolmagyna garaşylýar.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, aşa sowuk howa ilatyň ýyladyş meselesinde öňden bar bolan bökdençlikleri has-da ýitileşdirdi.

Lebap, Çarwadar, Krançy obalarynyň ýaşaýjylary gazyň kesilendigi we elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň pesdigi sebäpli ýyladyş meselesinde kynçylyk çekýärler.

Aşa sowuk howa etrabyň agyz suwy üpjünçiliginde hem bökdençlikleri döretdi. Ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesinde suw geçiriji turbalardaky suwuň doňmagy netijesinde, ilatyň agyz suwy üpjünçiligi hem kesildi.

"Adamlar indi üç gün bäri gaplanan suw satyn alyp içýärler. Onuň 5 litrniň bahasy 15 manada barabar. Bu ýuwunmak ýa-da hajathana üçin gymmat bolýar. Adamlar bu zerurlyklar üçin suwy 1 kilometr uzaklykdaky kanallardan, ýaplardan bedre bilen daşap, öýlerine getirýärler. Ýöne anomal sowuk howa guýularyň, ýaplaryň, kanallaryň suwlaryny hem doňdurdy. Adamlar buzy palta bilen döwüp, bedre sygar ýaly oýuk açýarlar" diýip, ýerli ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny anonimlik şertinde aýtdy.

Suw üpjünçiligindäki bökdençlikler käbir çagalar üçin gazanç çeşmesini döretdi. Olar 50 litr kanal suwuny arabalarda öýlere daşap berip, ýaşaýjylardan 5 manat pul alýarlar.

Habarçymyz aşa sowuk howanyň maldarlara hem ýaramaz täsir ýetirendigini, öri meýdanlardaky mallaryň onlarçasynyň haram ölendigini hem aýtdy.

Bu aralykda, sebitde howanyň temperaturasy gündizlerine -8 gradusa çenli ýetýän şü günlerde häkimiýetler býujet işgärlerini mejbury pagta ýygymyna çekmek işlerini dowam etdirýärler.

"Ýekşenbe güni býujet işgärleriniň tas ählisi gowaça meýdanlaryna äkidildi. Etrap häkiminiň hut özi gowaça meýdanlaryna aýlanyp, pagta ýygymyna gözegçilik etdi. Gowaça meýdanlaryna ýa-da olaryň gyralaryna mal-gara, şol sanda goýun, geçi, sygyr goýberen daýhanlara uly jerime salyndy. Şeýle-de, jaýlaryny odun ýakyp ýylytmak üçin pagtanyň çöpüni orup, öýlerine alyp gaýdan daýhanlara hem uly jerime töletdirilip başlandy" diýip, habarçy belledi.

Türkmen hökümeti her ýylyň sentýabr we oktýabr aýlarynda güýz-gyş ýyladyş möwsümine taýýarlyk işini birnäçe gezek maslahat etse-de, her ýylyň güýz-gyş möwsüminde ýurduň paýtagtynda we sebitlerinde ilat ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezligi bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýar.

Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki mediasy 5-11-nji dekabr aralygynda ýurtda howanyň temperaturasynyň gijelerine -14, gündizlerine -8 gradusa çenli ýetjekdigini yglan etdi. Ýöne adatça bolşy ýaly ilatyň aşa sowuk howa bilen bagly ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklary barada hiç hili habar bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Касаткина обыграла Марию и вышла в третий круг турнира WTA-1000 в Риме






Ежедневный прогноз пожарной опасности опубликовали в Подмосковье

Пятиэтажный дом частично обрушился в Республике Коми

WhatsApp поменял зеленый дизайн на черный и белый

Слушания по изменениям в устав муниципалитета прошли в Балашихе