Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Synçy: Häkimiýetler sebitleriň maliýe serişdesini azaldyp, Ahalyňkyny köpeltmegi planlaşdyrýarlar

0

Türkmen emeldary Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde täze iş orunlarynyň dörediljekdigini yglan etdi. Türkmenistanly synçy ýurtda dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgedilmeginiň Ahalda gurulýan bu merkez bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

3-nji dekabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli döwlet resmileri bilen bilelikde, merkeziň birinji tapgyrynyň tamamlanyp barýan gurluşyk işlerini ara alyp maslahatlaşdy.

"Merkeziň gurulmagy bu ýerde täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer" diýip, Berdimuhamedow näçe iş ornunyň dörediljekdigi we munuň üçin döwlet býujetinden näçe serişde bölünip beriljekdigi barada anyk sanlary aýtmady.

Türkmenistandaky syýasy ýagdaýlary ýakyndan yzarlaýan ýerli synçy ýakynda ýurtda dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgedilendigini we munuň netijesinde müňlerçe adamyň işini ýitirýändigine ünsi çekip, bu çäräniň Ahaldaky täze merkezde iş orunlaryny döretmek maskady bilen amal edilendigini aýdýar.

"1-nji ýanwardan başlap Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda müňlerçe adam işini ýitirýär. Häkimiýetler welaýatlardaky iş orunlaryny azaldyp, Ahalyň merkezinde iş orunlaryny döredýärler. Bu öňünden hasaplanyp edilen işdir. Olar sebitleriň maliýe serişdesini azaldyp, ony Ahala goýberilýän serişdäni köpeltmegi planlaşdyrýarlar" diýip, synçy aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti 25-nji noýabrda dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgedilmegi netijesinde döreýän üýtgetmeler baradaky karara gol çekdi. Häkimiýetler bu planlaryny oktýabryň ahyrynda yglan etdiler. Munuň netijesinde jemi 28 million manadyň (gara bazaryň kursy boýunça $1,4 million, resmi alyş-çalyş kursy boýunça hem $8 million) tygşytlanjakdygy bellendi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli ykdysadyýetçileriň birnäçesi, göz öňünde tutulýan ‘tygşytlamanyň’ esasan birikdirilen sebitleriň müňlerçe býujetçilerini işden çykarmagyň hasabyna amal etmek islenýändigini, emma iş ýüzünde munuň has köp zyýana getirjekdigini belläpdi.

Ýerli synçy häkimiýetleriň bu çäreleriniň ýurduň ýiti ykdysady kynçylyklardan ejir çekýändiginiň ýene bir şaýadydygyny belläp, netijede welaýatlarda işsizleriň ýene köpeljekdigini we munuň müňlerçe adama täsirini ýetirjekdigini aýdýar.

"Işini ýitirjek adamlaryň her birine garaşly azyndan iki-üç adam, şol sanda adamysy ýa aýaly, şeýle-de çagalary bar. Bu eger 10 müň adam işsiz galsa, onda munuň başga-da 30-40 müň adama täsir ýetirjekdigini aňladýar. Sebitlerde hiç hili girdejisi bolmadyk azyndan dört-bäş agzaly maşgalalar öňden hem köp. Ýene sebit ilaty kösener" diýip, synçy aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanyň häkimiýetlerinden, şol sanda Ahal welaýat häkimliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistan işsizlik derejesi baradaky statistikany çap etmeýär. Azatlygyň çeşmelerine görä, 2017-nji ýylyň başynda Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň 60%-e barabardygy anyklanypdyr. Ýöne soňky ýyllarda ýurtda iş orunlarynyň yzygiderli azaldylmagy netijesinde ýene-de on müňlerçe adam işsiz galdy.

Ahalyň täze merkeziniň gurluşygy Türkmenistanda ýiti ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän wagtynda, 2019-njy ýylda yglan edildi. 2020-nji ýylyň fewralynda taslamanyň bahasynyň 1,5 milliard dollara barabardygy aýdyldy. Onuň gurluşygyny ilkibaşda 2022-nji ýylyň dekabrynda doly tamamlamak göz öňünde tutulýardy. Ýöne döwlet mediasy indi bu taslamanyň diňe birinji tapgyrynyň dekabrda tamamlanjakdygyny habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Саснович вышла в третий раунд турнира WTA-1000 в Риме






Московское море: каким оно было?

Облачную погоду без осадков спрогнозировали в столице 13 мая

В центре Москвы обнаружили тело мужчины со следами жестокого избиения

Работодатели назвали лучшее время для поиска сотрудников