Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Maryly ýaşaýjylar täze açylan awtomenziliň ýerleşýän ýerini amatsyz hasaplaýandyklaryny aýdýarlar

0

Maryly ýaşaýjylar şäheriň çetinde gurlup, ýaňy-ýakynda ulanylmaga berlen täze awtomenziliň ýerleşýän ýerini özleriniň amatsyz hasaplaýandyklaryny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

Şu ýylyň sentýabr aýynda Garaşsyzlyk baýramçylygyna gabatlap, ýurduň Mary, Lebap, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň dolandyryş merkezlerinde täze awtomenziller açylyp ulanylmaga berildi.

Marynyň sebit merkezinden etraplara gatnaýan awtobuslar täze awtomenzilden ugraýar. Täze desga şäheriň çetinde ýerleşýär. Adamlar şäherden etraplara, ýa-da etraplardan Marynyň merkezine barmak üçin awtomenzile çenli we awtomenzilden şähere çenli ýene-de taksi tutmaly bolýarlar.

“Täze awtomenzil şäherden uzakda ýerleşýär. Şäheriň çetine gatnamak kyn. Adamlar zordan şähere aşýar, soň şäherden ýene taksi tutup, täze awtomenzile barmaly bolýar. Bu adamlar üçin goşmaça çykdajy bolýar” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu ýagdaýyň ilat arasynda amatsyzlyk döretmegi bilen, birnäçe ýerli ýaşaýjy ýaňy-ýakynda arz-şikaýat bilen ýerli resmilere ýüz tutup, gatnawyň ýeňledilmegini talap etdiler.

Şeýle talaplar Marynyň täze we köne awtomenzilleriniň ýerleşýän ýerleriniň arasynda awtobus gatnawynyň dikeldilmegine ýol açdy.

“Şu gün (12-nji dekabrda) täze awtomenzilden ugraýan awtobuslar, täze awtomenzile degip geçip başlady. Adamlar muňa şat boldy” diýip, maryly bir ýolagçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Etrap ýaşaýjylary köne awtowokzalyň ýerleşýän ýeriniň özleri üçin amatly bolandygyny aýdýarlar. Öňki awtowokzal şäheriň içinde ýerleşýärdi.

Döwlet metbugaty sebitlerde açylyp, ýaňy-ýakynda ulanylmaga berlen transport desgalarynyň sebit ýaşaýjylary üçin amatlylyk döredendigini aýdýar.

Ýöne, meselem, Marynyň bazaryndan çykyp, awtomenzile çenli taksi tutmaly bolýan we şeýlelikde, “iki işli” bolýan ýerli ýaşaýjylar täze desgalaryň özleri üçin hem wagt tygşytlylygy babatda, hem-de pul tygşytlylygy babatda dürli amatsyzlyklary döredendigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy mundan ozal oktýabr aýynyň başlarynda hem täze desganyň ýerli ýaşaýjylar üçin döreden kynçylyklary barada habar berdi.

Hökümetçi neşirlere görä, welaýat merkezlerinde açylan täze awtomenzilleriň her biriniň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 700 ýolagça niýetlenipdir. Üç gektar meýdanda ýerleşýän awtomenzilleriň birinji gatynda 140 ýolagça niýetlenen garaşylýan zal, bilet satylýan kassalar we beýleki möhüm hajatlar üçin iş otaglary, dükanlar, we beýlekiler bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Саснович вышла в третий раунд турнира WTA-1000 в Риме






Водитель упавшего в Мойку автобуса сотрудник организации, 23 раза получившей штрафы за отсутствие лицензии

Домодедовские спортсменки завоевали золото и серебро Чемпионата Европы по боксу

Гороскоп на 11 мая 2024 для всех знаков Зодиака

Аналитик Бакланова рассказала о культурах, которым не страшны заморозки