Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Eýran WhatsApp bilen Instagramy hemişelik petiklemek haýbatyny atýar

0
Eýran ýurtda meşhur bolan WhatsApp we Instagram programmalaryny hemişelik petiklemek haýbatyny atýar.


ABŞ-nyň “Meta” internet kompaniýasy eýran häkimiýetleriniň dekabr aýynyň başynda bu kompaniýanyň ýurtda wekilhana açmagyny we düzgünlerini Yslam respublikasyna laýyk getirmegini talap edip ýazan hatyna şu wagta çenli jogap bermedi.


"Eger-de “Meta” biziň ýazan hatymyza jogap bermese, bu hemişelik petiklenmäniň başlangyjy bolup biler" diýip, Milli kiber merkeziniň başlygy Abolhassan Firouzabadi 17-nji dekabrda gazete beren interwýusynda aýtdy.


Şu aralykda, ýurdy gaplap alan protestleri goldamak baradaky çykyşlaryndan soň, eýran häkimiýetleri 38 ýaşly aktrisa Taranen Alidoustini tussag etdiler. “Tasnim” gullugy onuň galp habarlary çap etmekde we "bulam-bujarlyga meçew bermekde" güman edilýändigini aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса