Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Gazagystan Germaniýa nebit eksport eder

0
“KazMunaýGaz” milli nebit-gaz kompaniýasynyň başlygy Magzum Mirzagaliýew Gazagystanyň ýanwar aýynda Germaniýa nebit ibermek meselesine seredýändigini aýtdy.


KMG-nyň metbugat gullugynyň beren habaryna görä, Mirzagaliýew "Gazagystanyň prezidentiniň görkezmesine görä, “KazMunaýGaz” 2023-nji ýylyň ýanwaryndan başlap bir tapgyr nebit ýüküniň Germaniýa iberilmek mümkinçiligini synap görmekçi bolýar” diýdi.


KMG-nyň metbugat gullugy KMG Geňeşiniň başlygy Magzum Mirzagaliýewiň 20-nji dekabrda Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak ministrliginiň döwlet sekretary Maýkl Kellner bilen wideoşekilli maslahat geçirendigini, german parlamentiniň agzasy Kristian Görke bilen bolsa Astanada duşuşandygyny habar berdi.


Taraplar Germaniýanyň Şwedt şäherinde nebiti gaýtadan işleýän zawodlara Gazagystanyň nebitini eksport etmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Bundestagyň wekili duşuşygyň dowamynda "Gazagystandan “Družba” nebit geçirijisi arkaly iberiljek çig mal bilen durnukly ýagdaýda üpjün edilmegine" gyzyklanma bildirdi.


Nemes häkimiýetleri, ÝB sanksiýalaryna laýyklykda, ýyl ahyryna çenli rus nebitini import etmekden ýüz öwürmäge çalyşýarlar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса