Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

“Türkmenistan” awiakompaniýasy ýene bilet bahalaryny arzanladar

0
“Türkmenistan” awiakompaniýasy ýene bilet bahalaryny arzanladar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy, 1-nji fewraldan başlap, daşary ýurtlara amala aşyrýan uçuşlaryň petek bahalaryny ýene-de arzanladar diýip, “SalamNews” neşiri awiakompaniýa salgylanyp habar berýär.  

Arzanladyş Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Dubaý, Kazan, Moskwa we Stambul şäherlerine uçýan uçarlara we diňe türkmen raýatlaryna degişli bolar.

Agzalan şäherleriň uçar petekleri awiakompaniýanyň resmi web-saýty ýa-da mobil goşundylary arkaly onlaýn satyn alnanda, fewral aýyndan başlanýan uçuşlarda 30,7 göterim ýeňillikli baha hödürlenýär; eger petekler awiakompaniýanyň kassalaryndan satyn alynsa, onda petek bahasy onlaýn usulda satyn alnandakydan 2,5 göterim töweregi gymmat bolar.

Ozal neşir “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Dubaý, Kazan, Moskwa, Stambul, Frankfurt şäherlerine amala aşyrylýan uçar gatnawlarynyň petek bahalarynyň ortaça 2,5 göterim arzanladylandygyny habar beripdi.

“Türkmenhowaýollary” häzirki wagtda Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýndaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) dowamly uçuşlary amala aşyrýar.

Bilet bahalarynyň arzanladylmagy baradaky habar türkmen häkimiýetleriniň awiakassalarda giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýany bölekleýin tassyklap, nobatdaky telewideniýe 'tobalaryny' halka ýetirmeginiň yz ýanyna gabat geldi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Александрова не смогла обыграть Саснович и покинула турнир WTA-1000 в Риме






Приключения панды Катюши в уличном вольере

Вильфанд: температура в Москве вернется к норме 15 мая

Налетела грусть, ну что ж, пойду пройдусь: итоги недели от редактора ЕАН Артема Рябова

Житель Индии похитил девочку, ее удалось спасти спустя сутки