Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Aşgabatda Täze ýyl konsertine bilet almakçy bolýanlar ýakalaşdy

0
Aşgabatda Täze ýyl konsertine bilet almakçy bolýanlar ýakalaşdy

Aşgabatda Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilmeli daşary ýurt aýdym-saz ýyldyzlarynyň Täze ýyl konsertiniň öňýanynda bilet almakçy bolýan raýatlaryň arasynda ýakalaşyk ýüze çykdy. Paýtagtly habarçymyz 23-nji dekabrda dörän bu hadysanyň jikme-jiklerini öwrendi.

“Anna güni 27-nji dekabrda çykyş etmeli asly Azerbaýjandan bolan russiýaly aýdymçy JONY-nyň konserti üçin biletler satyldy. Nobata duranlaryň arasynda goh-galmagal, ýakalaşyk ýüze çykdy” diýip, habarçymyz belledi.

Ol muňa nobatlaryň kadaly ýola goýulmandygy sebäpli, muşdaklaryň arzyly bileti almaga howlugandygyny, şol sebäpli-de dawa-jenjelleriň dörändigini aýtdy.

Habarçymyz bu ýagdaýlardan soň biletleriň satylmagynyň näbelli möhlete çenli bes edilendigini hem sözüne goşdy.

Dawa-jenjelde şikes alanlar barada maglumat ýok. Bu waka boýunça paýtagtyň resmilerinden maglumat ýa kommentariýa almak başartmady.

Habarçymyz dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda döwlet propogandasyny dabaralandyrmaýan konsertdir-çäreleriň juda seýrek geçirilýändigi sebäpli, adamlaryň daşary ýurtly ýyldyzlaryň konsertine uly gyzyklanma bildirendiklerini we oňa sabyrsyzlyk bilen garaşandyklaryny gürrüň berdi.

Resmi maglumatda 25-27-nji dekabr aralygynda geçmeli bu konsertde Dima Bilan, Nýuşa, JONY, Irem Deriji we Mustafa Sandal ýaly aýdymçylaryň çykyşlarynyň göz öňünde tutulandygy aýdylýar.

Konsert üçin bir biletiň bahasy 100 manat.

Emma biletleriň juda çäklidigi sebäpli, nobatlardaky dawa-jenjeller bilen birlikde, alym-berim, korrupsiýa ýagdaýlary hem döreýär.

“Biletleriň resmi taýdan satylyp başlanmazyndan bir hepde öň, olary 1000 manadan ýerleýän araçylar peýda boldy. Munuň kim tarapyndan ýola goýulandygy we muňa guramaçylaryň ilteşiginiň bolup-bolmandygy belli däl” diýip, habarçymyz nygtady.

Şol bir wagtda, ol resmileriň alyp-satarlaryň öňüni almak üçin, soňy bilen 25-nji we 26-njy dekabrda geçmeli çykyşlara biletleriň adam başyna diňe biriniň, onuň hem diňe pasport görkezilen halatynda satylandygyny aýtdy.

Ýurtdaky dowam edýän agyr ykdysady krizisiň arasynda bu konserte çykarylan maliýe serişdeleri aýan edilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Арина Соболенко

Соболенко испытала проблемы после снятия Рыбакиной с турнира в Риме






Московские спасатели помогли коту выбраться из щели под лавочкой

Россияне начали спасать накопления от инфляции в финансовых пирамидах

История становления триколора флагом России

"Спартак" обыграл "Краснодар" в матче РПЛ