Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

“Ölüm howply şire”: üsgülewüge garşy hindi şiresiniň howpludygy barada, BSG-niň duýduryşyna garamazdan, Özbegistan näme üçin çäre görmedi?

0
“Ölüm howply şire”: üsgülewüge garşy hindi şiresiniň howpludygy barada, BSG-niň duýduryşyna garamazdan, Özbegistan näme üçin çäre görmedi?

Özbegistanyň Saglygy goraýyş ministrligi ýörite iş toparynyň hindi dermanlaryny we "Dok-1 Maks" şiresini ulanan näsaglarda, güman edilýän zyýanly täsirleriň ýagdaýyny barlaýandygyny habar berdi.

Özbegistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň beýanaty sosial ulgamlarda Samarkantda aýdylýan şol dermany alansoň, 15 çaganyň ölümi baradaky habar ýaýransoň mälim edildi.

Bütindünýä Saglyk Guramasy şu ýylyň 5-nji oktýabrynda, Hindistanda öndürilýän üsgülewüge garşy şiräniň çagalaryň ölümi bilen bagly bolup biljekdigini duýdurdy.

Özbegistanyň jemgyýetçilik aktiwistleri aýdylýan derman serişdelerini ulanmakdan ölenleriň hakyky sanynyň has ýokary bolup biljekdigini aýdýarlar.

Özbegistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň habar bermegine görä, häzirki wagtda Hindistanyň Marion Biotech Pvt. Ltd. kompaniýasy tarapyndan öndürilen we Samarkandyň dermanhanalarynda satylan "Dok-1 Maks" limon we bal tagamy bolan şireleri we dermanlary barlamak işleri alnyp barylýar. Bu barada 22-nji dekabrda ýaýradylan resmi beýanatda aýdylýar. Şeýle-de, Derman senagatynyň ösdürilmegi agentligi hem şol ýagdaýy gözegçilik astyna alandygyny aýtdy.

Mundan daşary-da, ministrlik 2022-nji ýylyň 22-nji dekabryndan başlap, bu dermanyň bütin Özbegistanda satylmagynyň wagtlaýyn saklanýandygyny habar berdi. Özbegistanda "Marion Biotech Pvt. Ltd. Ltd" kompaniýasynyň önümini paýlaýjy resmi "Quramax Medical"  guramasy Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna bu maglumaty tassyklady.

Bellenilişi ýaly, Samarkant welaýat köpugurly çagalar lukmançylyk merkeziniň baş lukmany D. Azizowyň welaýat saglygy goraýyş bölüminiň başlygy D. Jumaniýozowa ýazmagyna görä, "Doc-1 Maks" dermanyny alan 21 çagada, "böwrek zeperlenmegi we anuriýa ýetmezçiligi – peşewiň ýeterlik çykmazlygy ýaly alamatlar bolupdyr".

"Olardan 17 çaganyň ýagdaýy örän agyr bolansoň, birnäçe gemodializa – ganynyň zäherlenmezligi üçin, emeli usulda böwregi arassalamak çäresini geçirmek gerek bolupdyr. 15 çaga ýogalypdyr” diýip, baş lukman belläp geçýär we çagalarda bu dermanyň ulanylmagyny gadagan edýän buýruk berilmegini soraýar.

Şeýle hem D. Azizow soňky aýlarda Samarkant welaýatynyň ýaşaýjylarynyň, aýratyn-da, çagalaryň arasynda dem alyş ýollarynyň wirus ýokançlyklarynyň giňden ýaýrandygyny, bu ugurda saglygy saklaýyş edarasynyň ilkinji wekilleriniň “Dok-1 Maks” dermanyny "örän köp" ýazýandygny öz hatynda aýdýar.

Smartgov Consulting kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory we blogger Aziza Umarowanyň öz Facebook sahypasynda ýazmagyna görä; şu ýylyň oktýabr aýynda, hindi derman serişdeleri kärhanalarynyň öndüren üsgülewüge we sowuklama garşy dermanlary ulananlardan, Gambiýada 70, Indoneziýada 100 çaga ýogalypdyr.

"Bütindünýä Saglyk Guramasy baryp 5-nji oktýabrda bu dermanyň düzüminde "ýol berilmesiz mukdarda" dietilen glikolyň we etilen glikolynyň bardygyny görkezip, ähli ýurtlara şirelerden köpçülikleýin heläkçiligiň geljekdigi barada, resmi derejede duýduryş berdi. Guramanyň maglumatyna görä, şireler "böwregiň agyr zeperlenmegi” bilen bagly bolup biler. Şoňa görä-de, bu ýerde bir dermanyň barlanmagy kömek etmez. Hakyky heläkçiligiň sany has ýokary bolup biler. Bu ulgamy düýpgöter üýtgetmäge wagt ýetdi. Bizde wraçlar bilen derman kompaniýalarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň iň çüýrük görnüşi emele geldi. Daşary ýurtlarda antihistamin ýa-da parasetamol bejergilerini wraçyň haty bolmazdan, satyn almak mümkin däl. Bizde bolsa her ädimde dermanhana bar. Ýönekeý adamlar hiç bir gözegçilik bolmazdan, islendik dermany islän wagty içýärler. Kontrafaktlar köp, wraçlar pul üçin derman ýazyp berýärler. Bar zat satylýar, bar zadam satyn alynýar. Gambiýada bolşy ýaly" diýip, Aziza Umarowa ýazýar.

Daşkentli ýene bir blogger Nikita Makarenko Özbegistanyň resmi guramalarynyň üsgülewüge garşy hindi şiresiniň howpludygy, şol sanda "Dok-1 Maks" dermany barada, köpçülige öz wagtynda habar berilmändigine ünsi çekýär.

"Samarkant sebitinde 15 çaga Hindistanyň "Quramax Medical" kompaniýasynyň üsgülewüge garşy döreden şiresi Dok 1 Max ulanandan soň ýogaldy. Emma biziň derman senagatyny ösdürmek agentligimiz,  ne-de Saglygy goraýyş ministrligi özbegistanlylara duýduryş bermegi zerur saýmadylar. Ýöne baryp 5-nji oktýabrda Bütindünýä Saglyk Guramasy Hindistanda öndürilýän üsgülewüge garşy şiräniň çaga ölümine sebäp bolandygy barada resmi bildiriş beripdi. BSG ähli ýurtlary şeýle dermanlary ulanmagy bes etmäge çagyrdy. Näme üçin Özbegistanda hiç bir jogapkär şeýle howsala seslenmedi?” diýip, Nikita Makarenko özüniň Telegram kanalynda ýazdy.

Birnäçe wagtdan geçensoň, Derman senagatynyň ösdürilmegi agentligi bloggeriň sözüne resmi ýagdaýda reaksiýa bildirdi.

«Derman senagatynyň ösdürilmegi agentligi "Derman serişdelerini, medisina maksatly serişdeleri we lukmançylyk enjamlaryny barlamak we standartlaşdyryş döwlet merkezi" jemgyýetçilik saglygyny netijeli goramak maksady bilen BSG-niň, şeýle hem ABŞ-nyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Beýik Britaniýanyň, Awstraliýanyň we EAEU hasabatlaryna yzygiderli gözegçilik edýändigini habar berýär.

Hakykatdan-da, oktýabryň başynda BSG № 6/2022 maglumatynda, "Maiden Pharmaceuticals Limited" kompaniýasy (Haryana, Hindistan) tarapyndan öndürilen medisina önümleri barada duýduryşy berildi, ol ýerde dört derman barada gürrüň gidýär: Promethazine Oral Solution, Kofexmalin Baby Cough Syrup («Kofeksmalin» üsgülewüge garşy çagalar üçin şire), Makoff Baby Cough Syrup («Makoff» üsgülewüge garşy çagalar üçin şire) hem-de Magrip N Cold Syrup (dümewe garşy şire).

BSG-niň duýduryşyna esaslanyp, derman gözegçiligi bölüminiň hünärmenleri Özbegistan Respublikasynda hasaba alnan derman serişdeleriniň hasaba alnyşyny barladylar. Barlag hut öndüriji babatynda, anyk amala aşyryldy, sebäbi dermanyň ady we gaplanyşy Özbegistan üçin tapawutlanyp bilerdi.

"Maiden Pharmaceuticals Limited" (Haryana, Hindistan) dermanlaryny öndürýän kärhananyň önümleriniň, bu barada BSG-niň duýduryşynda habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Özbegistan Respublikasynda hasaba alynmadygy tassyklandy» diýlip, Derman senagatynyň ösdürilmegi agentligiň maglumatynda aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde, özbegistanly farmakolog Rahima Oçilowa bu heläkçilikli ýagdaýyň ählisinde, Özbegistanyň derman bazaryndaky biperwaýlygy günäkärleýär.

– "Dok-1 Maks" dermany Özbegistanda öndürilmeýär. Biziň ýurdumyzda derman serişdelerini özi oýlap tapyp, özi öndürýän kompaniýa ýok. Däri-dermanlar ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýär. Men Hindistanda öndürilen derman serişdelerine asla ynanyp bolmaz diýip hasap edýärin. Sebäbi bu ýurtda dermanlar hatda öý şertlerinde-de taýýarlanylýar. Özüni sylaýan farmakologlar hindi derman serişdelerine örän seresaply garaýarlar. Meniň özüm hem olaryň dermanyny hiç haçan ulanmaýaryn. Özbegistanda, mysal üçin, Russiýada ýa-da Çehiýada öndürilen dermanlara uly ynam bilen garalýar. Şeýle-de bolsa, soňky wagtlarda biziň derman senagaty bazarymyz dürli hindi dermanlary bilen dolup-daşdy. Biziň farmakologiýa ugrumyzda agyr kynçylyklar bar, indi tertip-düzgüni dikeltmegiň wagty ýetdi – diýip, Rahima Oçilowa aýdýar.

Wraçlaryň aýtmagyna görä, Hindistanda öndürilen üsgülewüge garşy şireleriň çagalaryň arasynda ölüme alyp gelendigi öň hem mälim edilipdir. Hususan-da, 2013-nji ýylda Pakistanda, üsgülewüge garşy şiräni alansoň, 10 çaga ýogalypdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Потапова проиграла Остапенко во втором круге турнира WTA 1000






Девять человек погибли в ДТП в Москве на минувшей неделе

В Московской области у подростка-зацепера сгорел половой орган из-за удара током

Десять домов по программе реновации оформлены в ВАО ...

Актрисе Наталье Теняковой экстренно вызвали скорую помощь