Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Täjik prezidentiniň giýewisi Milli bankyň müdirliginden çykaryldy

0
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon öz giýewisi Jamoliddin Nuraliýewi Milli bankyň müdirliginden çykardy.


Adalat ministrliginiň kanuny maglumat portalynda çap edilen karara laýyklykda, Milli bankyň başlygynyň orunbasary Firuz Şarifzoda we Alijon Salimzoda ýurduň esasy maliýe düzgünleşdiriji geňeşiniň täze agzalary edilip bellendi.


Täjigistanyň prezidentiniň 45 ýaşly giýewisi Jamoliddin Nuraliýew şu ýylyň iýun aýynyň başynda Milli bankyň başlygynyň birinji orunbasary wezipesinden boşadyldy.


Onuň işinden aýrylmagy jemgyýetçilikde bir topar gep-gürrüňiň ýaýramagyna, şol sanda bu ýerde “Moskwanyň eliniň bolmagynyň” ähtimallygy baradaky myş-myşlara sebäp boldy.


ABŞ-da gowy bilim alan we Täjigistanda häzirki bank ulgamynyň “binagäri” hasplanan Jamoliddin Nuraliýew hökümetde “günbatarçy” hasaplanýardy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса