Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Ýylyň jemleri: Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň aýgytly ýyly

0
Ýylyň jemleri: Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň aýgytly ýyly

2022-nji ýyl Türkiýedäki türkmen migrantlary üçin iň aýgytly ýyllaryň biri bolsa gerek. Sebäbi ​Türkiýe Türkmenistanyň haýyşy boýunça türkmen raýatlary üçin wizaly syýahat etmek düzgünini girizdi. Şeýle-de, geçen ýyl Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň iň köp basyş gören ýyllarynyň biri boldy.

Tamamlanan ýylyň birinji ýarymy Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň, soňky iki ýylyň dowamynda bolşy ýaly, aktiwleşmegi bilen tapawutlandy. Hususan-da, bu ýyl pandemiýa sebäpli ýatyrylan uçar gatnawlarynyň gaýtadan dikeldilmegini sorap, Stambulyň aeroportunda ýüzlerçe türkmenistanlynyň üýşmegine şaýatlyk etdi.

Ýylyň ilkinji aýynda türkmenistanly ýaşulynyň watanyna gaýtmak umydy bilen 14 gün bäri Stambulyň aeroportunda oturandygy, mart-awgust aýlary aralygynda bolsa şeýle raýatlaryň sanynyň ýüzlerçe adama ýetendigi mälim boldy.

Awgustyň başynda olar ençeme gezek protest çäresini hem geçirdiler. "Türkmenhowaýollarynyň" Stambuldaky kassasynyň öňüne üýşen raýatlar agentligiň işgärlerini hilegärlikde aýypladylar we türkmen hökümetinden özleriniň watana dolanmagy üçin uçar gatnawyny ýola goýmagy talap etdiler.

Protestleriň yz ýany, Türkmenistan Türkiýede galan raýatlaryny ýurda getirmek ugrundaky tagallalaryny güýçlendirdi, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda hepdede azyndan iki uçar gatnawy amala aşyrylyp başlandy.

Türkiýedäki türkmenistanlylaryň arasynda aktiwizmiň möwjemeginiň, türkmen hökümetine garşy nägilelik protestleriniň ýygjamlaşmagynyň yz ýany, 3-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, käbir türk media serişdeleri tarapyndan "belki dünýäde birinji gezek bolýan ýagdaý" diýlip häsiýetlendirilen haýyş bilen Türkiýäniň häkimiýetlerine ýüzlendi. Onda türkmen tarapy Türkiýeden Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn esasda dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegini sorady.

Türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdoganyň 13-nji sentýabrda gol çeken degişli karary bilen, Türkiýäniň "Daşary ýurtlular we Halkara gorag hakynda" kanunynyň 18-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlarynyň 30 gün möhlet bilen Türkiýä wizasyz syýahat etmeklerine rugsat berýän düzgün ýatyryldy.

15 ýyl bäri ýurtlaryň arasynda saklanan wizasyz düzgün türkmen raýatlarynyň, ýurtda ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, gazanç üçin Türkiýäni saýlamagyna esasy sebäpleriň biri bolupdy.

Türk häkimiýetleriniň 22-nji dekabrda çap eden soňky maglumatyna görä, Türkiýede 213 müňden gowrak türkmenistanly kanuny rugsat bilen ýaşaýar. Resmi däl çeşmeler Türkiýedäki türkmenleriň umumy sanynyň, şol sanda bikanun ýaşaýan türkmenistanlylaryň resmi sanlardan ençeme esse ýokarydygyny çaklaýar.

Iki ýurduň arasynda wiza režiminiň dikeldilmeginiň yz ýany, bu döwletleriň arasynda pandemiýa aladalary sebäpli ýatyrylan kadaly uçar gatnawlary hem dessine dikeldildi.

Türkmen ministrligi öz haýyşyny Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe respublikasynda bolmaklary bilen bagly düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen diýip esaslandyrdy.

Ýöne Türkiýedäki türkmenistanlylaryň ençemesi türkmen tarapynyň haýyşyny öz raýatlarynyň halkara hereketini mundan-da beýläk çäklendirmek we olaryň Türkiýedäki durmuşyny, "ýaşaýyş rugsadyny" has-da kynlaşdyrmak synanyşygy bilen düşündirýär.

Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Ahmet Rahmanow bu kararyň Türkiýede bikanun esasda ýaşaýan türkmenleriň sanynyň belli bir derejede köpelmegine getirendigini aýdýar.

"Adamlar öýlerine gidip geljek bolýardylar. Ýollaryň açylmagyna garaşýardylar. Indi uçarlar boş gidýär. Sebäbi olar gidäýseler gelip bilmejekdiklerini bilýärler. Mysal üçin, öň wiza düzgünini bozanlar Dubaýa gidip gelýärdiler we Türkiýede gaýtadan ýaşamaga ygtyýarnama alyp bilýärdiler. Indi şol prosedurany edip bilenoklar. Sebäbi Dubaýa gitseler-de, Türkiýä gaýdyp bilmeýärler. Sebäbi wiza almaly bolýarlar" diýip, Türkiýedäki habarçy aýtdy.

Ol wiza düzgüniniň girizilmeginiň yz ýany, bikanun ýaşaýan türkmenistanlylary deportasiýa etmek işleriniň hem güýçlendirendigini belleýär. Muňa iki ýurduň arasyndaky halkara uçar gatnawlarynyň dikeldilmegi hem bellei bir derejede sebäp bolar.

"Men ýollar açylansoň, deportasiýa edip bilýändikleri üçin [bikanun migrantlary] toplap başladylar diýip eşitdim. Sebäbi indi deportasiýa etmäge mümkinçilik bar" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Türkiýeden deport edilen 100-den gowrak türkmenistanlynyň 7-nji sentýabrda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçary bilen Türkmenabada getirilendigini habar berdi. Munuň yz ýany, Azatlygyň Türkiýedäki çeşmesi 11-nji sentýabrda Stambuldan Türkmenistana ýene 50 raýatyň deport edilendigini aýtdy.

Bu habarlaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri Türkiýede ýaşaýan raýat aktiwistlerine basyşlaryny artdyrdylar.

16-njy awgustda Stambulda Türkmenistanyň konsullygynyň üsti bilen prezident Serdar Berdimuhamedowa hat ibermäge synanyşan türkmen aktiwistleriniň, şol sanda türk aklawçysynyň we iki adam hukuklaryny goraýjynyň ýenjilendigi we olaryň biriniň agyr ýaralandygy barada habarlar peýda boldy.

Noýabryň ahyrynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň polisiýasynyň şu ýylyň oktýabrynda Türkiýede raýat jemgyýeti aktiwistleriniň online maslahatynda türkmen hökümetini tankyt eden Merdan Ilýasowyň ene-atasyna azar berýändigi mälim boldy.

2022-nji ýylda türk media serişdelerinde Türkiýede dürli wagtlarda, dürli sebäpler esasynda ölen türkmenistanlylar barada habarlaryň çap edilmegi hem dowam etdi. Geçen ýylda şeýle habarlaryň azyndan 20 sanysy peýda boldy.

Türkiýedäki türkmen migrantlaryna bu ýurtdaky rekord derejedäki inflýasiýa we milli walýutanyň hümmetiniň pese gaçmagy hem 2022-nji ýylyň iň uly urgularynyň bir boldy.

Türkiýäniň ykdysady krizisi 2018-nji ýylda başlanaly bäri, häzire çenli-de dowam edip gelýär. Ol migrantlara agyr zarba urdy. Dört ýylyň dowamynda inflýasiýa 80%-den geçdi. Bu ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň içindäki iň ýokary derejedir. Sarp edilýän harytlaryň bahalary, şeýle-de jaý kireýleri görlüp-eşidilmedik derejede telim esse ýokarlandy.

Milli walýutanyň, ýagny türk lirasynyň hümmetsizlenmegi bilen baglylykda, türkmen migrantlary Türkmenistandaky maşgalalaryna iberýän pul serişdeleriniň möçberini azaldandyklaryny birnäçe gezek aýtdylar.

Ýöne Türkiýedäki ykdysady durnuksyzlyk migrantlara agyr zarba ursa-da, köp türkmenistanly özüniň bu ýerden gaýtmak niýetiniň ýokdugyny aýdýar.

"Adamlar ýurda dolansalar, öz watanynda hiç hili işiň, hiç hili gazanjyň bolmajakdygyny bilýärler. Şol sebäpli olar ujypsyz mukdarda bolsa-da, şu ýerde galyp, gazanç edenlerini makul hasaplaýarlar. Sebäbi olar Türkmenistanda iş tapsalar-da, oňa ýerleşmek üçin para bermelidiklerini bilýärler. Olar şol parany tölemek üçin azyndan bir ýyl işlemeli bolýarlar" diýip, habarçy aýtdy.

Türkiýedäki ykdysady durnuksyzlyga we ýurtlaryň arasynda wiza düzgüniniň girizilendigine garamazdan, Türkmenistanda iki ýurduň arasynda gatnamak mümkinçiligine isleg ýokary bolmagyna galýar.

"Çykdajylar artyp, gara bazaryň nyrhynda 1000 dollara ýetse-de, adamlar gazanç etmek üçin Türkiýäni saýlap alýarlar. Sebäbi adamlarda öz ýurdy bilen bagly umyt galmady. Uzaga çeken ykdysady krizis, köpçülikleýin işsizlik, sosial adalatsyzlyk, giňden ýaýran korrupsiýa müňlerçe türkmenistanlylyny özleri we watanynda galan garyndaşlary üçin halas bolmagyň ýoly hökmünde öýlerini terk edip, Türkiýä gitmäge mejbur edýär" diýip, Aşgabatdaky habarçy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Азаренко вышла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Риме






В Благовещенске мужчина пойдет под суд из-за продажи корней женьшеня в интернете

Еще один участок на М-4 «Дон» в Ростовской области станет платным с июня

В Ярославле подорожали проездные: сколько теперь стоят

Лицензирование безопасности: Шаги к получению лицензии МЧС в Москве