Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Türkmenistan Türkiýä täze taslamalara goşulmagy teklip edýär

0
Türkmenistan Türkiýä täze taslamalara goşulmagy teklip edýär

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Beýik millet mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop bilen telefonda gürleşip, oňa Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, Türkiýä ykdysadyýetiň energetika, ulag we aragatnaşyk, maýa goýumlary, söwda, oba hojalygy, dokma senagaty, gaýtadan işleýän we nebithimiýa senagaty ýaly pudaklarynda we beýleki ugurlarda anyk taslamalary durmuşa geçirmek teklip edildi.

Habarda bellenilmegine görä, türk resmisi “milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagyna, kuwwatly senagat düzümleriniň kemala getirilmegine gönükdirilen iri taslamalara gatnaşmagyň türk işewürleri üçin uly hormatdygyny” aýdypdyr.

Şeýle-de, öňki prezident Aşgabadyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisini, Türkmen-türk işewürlik maslahatyny geçirmäge taýýardygyny aýdypdyr.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident bolan ýyllarynda türk kompaniýalarynyň Türkmenistandaky işi, hil we töleg dawalary bilen baglylykda, dürli meseleler ýüze çykdy.

Türk işewürlerine täze taslamalara gatnaşmagyň teklip edilen wagty, Türkiýede we Siriýada bolan betbagtçylykly ýer titremelerinde ýykylan jaýlar sebäpli, türk gurluşyk firmalarynyň gurýan binalarynyň hiliniň uly sorag astyna düşen wagtyna gabat geldi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Соболенко уступила Свентек в финале турнира WTA-1000 в Мадриде






Стартовало народное голосование премии «Бизнес-событие» апреля

Депутат Черемисов поздравил ветерана ВОВ и тружеников тыла в Богородском округе

Сделайте свой дом еще красивее: Лучшие отделочные материалы по выгодным ценам

С начала весны УК Подмосковья очистили от мусора около 200 подъездных козырьков