Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Şolz Eýranda we Owganystanda aýal-gyzlara garşy zorlugy ýazgarýar

0
Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz 8-nji martda belleniljek Halkara aýal-gyzlar gününiň öňüsyrasynda eden wideo çykyşynda Eýranda we Owganystanda aýal-gyzlara garşy edilýän zorluk-sütemi ýazgardy.


Bu iki ýurtda "öz hukuklarynyň goragynda durýan aýal-gyzlar berk göreşýärler“ diýip, ol aýtdy.


“Erkinlik we adalat ugrunda berk göreşýänleriň ählisi hatda öz janlaryny hem töwekgellik astyna salýarlar” diýip, Şolz 4-nji martda çap edilen wideo çykyşynda nygtady.


"Bu bagyşlanyp bilinmejek ýagdaý" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


Germaniýa adam hukuklaryny we aýal-gyzlaryň hukuklaryny goraýanlaryň tarapynda durýar diýip, german kansleri aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса