Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Häkimiýetleriň Internet tizliginiň ýokarlandyrylýandygy baradaky wadasy 'puja çykdy'

0
Häkimiýetleriň Internet tizliginiň ýokarlandyrylýandygy baradaky wadasy 'puja çykdy'

Türkmen häkimiýetleriniň ýurtda Internet tizliginiň ýokarlandyrylýandygyny yglan etmeginiň yzysüre, bu hyzmatyň hili öňküsinden hem pese gaçdy. Mary welaýatynyň ýaşaýjylary Internet tizliginiň pesligi zerarly websaýtlary açyp bolmaýandygyny, messenjerler arkaly iberilen hatlaryň öz wagtynda gitmeýändigini aýdýarlar.

"Türkmenistanda mart aýynyň 1-den başlap Internet tizligi ýokarlandyryldy diýip, adamlar begendiler. Ýöne bu begençlik uzaga çekmedi. Internet tizligi güýçlendi diýilse-de, onuň tizligi gaty haýal, hatda öňküsinden hem haýal. Saýtlaryň hijisi açylmaýar. IMO messenjeri öňküsinden hem haýal işleýär. Olarda diňe hat alşyp bolýar, surat ýa-da wideo ibermek, şeýle-de jaňlaşmak kynlaşdy" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 9-njy martda aýtdy.

Internet ulgamyny berk çäklendirmekde tankyt edilýän türkmen häkimiýetleri, 1-nji martdan başlap, Internet tizliginiň ýokarlandyrylýandygyny, şol bir wagtda onuň nyrhlarynyň arzanladylýandygyny wada berdiler.

“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň 21-nji fewralda çap eden bildirişine görä, 1-nji martdan başlap, ozal 512 Kbit/s tizlikli Internete birikdirilen abonentleriň Internet tizligi awtomatik görnüşde 1 Mbit/s-a çykaryldy.

Bildirişe laýyklykda, 1 Mbit/s Internet nyrhnamasynyň aýlyk bahasy 150 manat, tizligi sekuntda 2 Mbit bolan Internet nyrhnamasynyň bahasy 180 manat boldy. Mundan ozal, bu nyrhnamalaryň möçberi degişlilikde 170 we 200 manada deňdi. Maglumata görä, Internet nyrhnamalarynyň bahalary 20 manat möçberinde arzanlady.

Şu aýyň başyna çenli ilata hödürlenýän Internetiň iň ýokary tizligi 2 Mbit/s-a deň bolan ýurtda ulanyjylara 4 Mbit we 6 Mbit bolan Internet nyrhnamalary hem hödürlenip başlandy we olaryň bahalary degişlilikde 230 we 280 manat diýlip kesgitlendi.

Mundan ozal, müşderiler tizligi 1 Mbit bolan Internet nyrhnamasy üçin 170 manat, 2 Mbit/s Internet üçin 200 manat töleg töleýärdi. Maglumata görä, Internet nyrhnamalarynyň bahalary 20 manat möçberinde arzanlady.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, bu bildirişiň yzysüre, türkmenistanlylaryň köpüsi "Türkmentelekoma" baryp, arza ýazdy we Internet tizligini 6 Mbit/s-a çenli artdyrdy.

"Häzir adamlaryň köpüsi 280 manady biderek, boş ýerik pul töleýäris diýýärler. Hatda IMO, ICQ messenjerlerinde Internet tizliginden zeýrenýän adamlar juda köpeldi" diýip, habarçy aýtdy.

Ýatlatsak, 31-nji ýanwarda hökümetçi elektron neşirlerde Türkmenistanda Internet tizliginiň ýokarlandyryljakdygy, şeýle-de Internet nyrhnamalarynyň bahalarynyň 1-nji fewraldan başlap arzanladyljakdygy barada habarlar peýda boldy. Ýöne bu habarlar soňy bilen birden ulanyjylara elýetersiz boldy.

Soňky günlerde Maryda diňe Internet tizligi däl, eýse mobil aragatnaşyk ulgamynyň hili hem ýaramazlaşdy.

"Mobil telefonlardan edilýän jaňlar we iberilýän SMS-ler haýal gidýär. Bir adama jaň aldyrjak bolsaň, birnäçe sapar synanyşmaly bolýar" diýip, habarçy aýtdy.

Marylylaryň birnäçesi "Türkmentelekomyň" we "Altyn Asyryň" ýerli edaralaryna jaň edip, bu babatda şikaýatlaryny beýan etmäge çalyşýandygyny, ýöne bu edaralarda jaňlara köplenç hiç kimiň jogap bermeýändigini aýdýar. Azatlygyň bu barada degişli edaralar bilen habarlaşmak synanyşyklary hem başa barmady.

Türkmenistanda öý Internet hyzmatlary “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy we mobil Internet hyzmatlary “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ilata hödürlenýär.

Halkara guramalary tarapyndan düzülýän metbugat we Internet azatlygy görkezijilerinde her ýyl iň soňky setirlerde ýerleşdirilýän Türkmenistan dünýäde iň haýal Internetli ýurtlaryň biri bolmagynda hem galýar.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän we dünýä ýurtlarynda Internet tizliginiň ýagdaýyny öwrenýän SpeedTest web hyzmatlarynyň 2023-nji ýylyň ýanwarynda çap eden soňky hasabatyna görä, Türkmenistan fiksirlenen Internet ulgamynyň tizligi boýunça, barlag geçirilen 179 ýurduň arasynda, Kubadan we Owganystandan soň, 177-nji orny eýeledi. Türkmenistanda bu sapar fiksirlenen Internet torunyň ortaça tizligi 2,34 Mbit/s-a deň boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Ига Свёнтек

«Ну и кто сказал, что женский теннис — это скучно?» Свёнтек — после матча с Соболенко






Обзор «Чазовского» дома в районе Крылатское в Москве

Патриарх Кирилл поздравил православных христиан с Пасхой

Студент Влад Трапезников принял участие в акции и нарисовал граффити на станции

Туляков приглашают принять участие в конкурсе «Директор года России»