Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Berdimuhamedow Türki Döwletler Guramasynyň Ankara sammitine gatnaşar

0
Türki Döwletler Guramasynyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň 16-njy martda, Türkiýäniň Ankara şäherinde geçirilýän nobatdan daşary sammitine Türkmensitandan prezident däl-de, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşar.


Metbugat habarlaryna görä, sammite guramanyň agza döwletleriniň — Azerbaýjan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň prezidentleri, şeýle-de guramanyň synçy agzalary bolan ýurtlardan Türkmenistanyň Halk haslahatynyň başlygy hem-de Wengriýanyň premýer-ministri gatnaşar.


Türki Döwletler Guramasynyň ilkinji sammiti geçen ýyl Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirildi we şonda oňa gatnaşan Gurbanguly Berdimuhamedowa "Türki dünýäniň ýokary ordeni gowşuryldy" diýip, "Türkmenportal" neşiri habar berýär.




 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса