Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Türkmen futbolçylarynyň birnäçesi daşary ýurt toparlary bilen şertnama baglaşdy

0
Türkmen futbolçylarynyň birnäçesi daşary ýurt toparlary bilen şertnama baglaşdy

Hökümetçi neşir türkmenistanly futbolçylaryň birnäçesiniň başga ýurtlaryň ýygyndy toparlaryna geçendigini habar berýär.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Mirza Beknazarow futbol ýoluny Estoniýanyň Premium ligasynda dowam etdirer, ol “Narwa Trans” futbol topary bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdy diýip, “Türkmenportal” habar berýär.

22 ýaşly futbolçy, geçen möwsümiň netijeleri boýunça, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nusgalyk düzümine girizildi diýip, habarda bellenýär.

Şeýle-de, hüjümçi Myrat Ýagşyýewiň Aşgabadyň «Altyn asyryndan» Gyrgyzystanyň «Neftçi» futbol toparyna geçendigi habar berilýär. Ýagşyýewiň täze topary Jalal-Abat welaýatynyň Goçgarata şäherinde ýerleşýär. «Neftçi» 31 ýaşly hüjümçi bilen bir möwsümlik şertnama baglaşypdyr.

Mundan başga, “Türkmenportalyň” belarus toparynyň metbugat gullugyna salgylanyp ýazmagyna görä, türkmenistanly goragçy Wepa Jumaýew Gomeliň “Lokomotiw” toparyndan «Energetik-BGU» toparyna geçipdir.

22 ýaşly Wepa Jumaýewiň belarus futbol toparlarynda 2020-nji ýyldan bäri futbol oýnap gelýändigi aýdylýar.

“Türkmenportal” geçen ýyl Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Maýa Musatskaýanyň Türkiýäniň "Dudullu spor" klubyna geçendigini  Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna salgylanyp habar berdi.

Türkmenistanda milliardlarça dollarlyk sport desgalarynyň gurulýandygyna garamazdan, ýerli türgenler üçin döredilýän şertler gowy däl, şu sebäpden başaran başga ýurtlara gitjek bolýar diýip, synçylar aýdýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Даниил Медведев

Чех Легечка пожелал здоровья россиянину Медведеву, который снялся с их матча






Всё дело в ухе: Евгений Солонович рассказал о трудностях поэтического перевода

В храме Христа Спасителя в Москве началась главная пасхальная служба

105 лет назад Красная армия остановила войска адмирала Колчака

Посол Нидерландов Хиллес  Плух завершил миссию в России