Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Türkmenabatda haýwanlara garşy gaýtadan güýçlenen ýowuzlyk gizlin amal edilýär

0

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde köçelerdäki haýwanlara garşy ýowuzlyk gaýtadan güýçlendi. Öňkülerden tapawutlylykda, bu gezek häkimiýetler itleri we pişikleri zäherläp öldürmek çärelerini gizlin amal edýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we haýwanlary goraýan aktiwistler maglumat berýärler.

"Türkmenabatda galan itleriň we pişikleriň ýok edilmegi dowam edýär. Nobatdaky köpçülikleýin bu çäre Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda başlandy we soňky günlerde hem dowam edýär" diýip, habarçy 24-nji martda aýtdy.

Jemagat hojalygy we Jaý dolandyryş müdirlikleriniň işgärleri tarapyndan amala aşyrylýan bu çäreler Türkmenabadyň birnäçe etrapçasynda ýüze çykdy.

Bu gezek itleri we pişikleri zäherläp öldürmek işleri öňküler ýaly gündiz wagty ýaşaýjylaryň gözüniň öňünde däl-de, gijäniň garaňkysynda, hemmeleriň ýatan pursadynda gizlin amal edilýär.

"Bu işgärler giç agşam zir-zibil çeleklerine we onuň töweregine, şeýle-de haýwanlaryň bar bolan ýerlerine awy goşulan et ýa beýleki önümleri oklaýarlar. Gijäniň dowamynda itler we pişikler zäher garylan bu önümleri iýýärler. Işgärler bolsa, daňdan sagat 5-de 'hasyly', ýagny heläk bolan haýwanlary toplaýarlar" diýip, habarçy aýtdy.

Haýwanlary goraýan aktiwistleriň birnäçesi soňky günlerde şäheriň "Himik" etrapçasynda ýerleşýän 11-nji Jaý dolandyryş müdirligine içi haýwanlaryň maslygyndan doly haltalaryň getirilendigine ençeme gezek şaýat bolandygyny aýtdy.

"Hususan-da, 23-nji martda köp halta getirildi" diýip, aktiwistleriň biri anonimlik şertinde belledi.

Başga bir aktiwist 24-nji martda daňdan sagat 5 töwereginde "Bahar" etrapçasyndaky zibil çeleginde bir itiň uly ses bilen çyňsaýandygyna we onuň Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleriniň eşigindäki iki adam tarapyndan alnyp gidilendigine şaýat bolandygyny aýtdy.

Türkmenabatda itleriň we pişikleriň öldürilmegi boýunça çäreleriň güýçlenendigi barada martyň başyndan bäri maglumatlar gelip gowuşýar. Ýerli ýaşaýjylar Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleriniň ýörite awtoulagly aýlanyp, itleri ýok edýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri köçelerdäki itleri we pişikleri rehimsizlik bilen duzak gurmak, zäherlemek hem-de taýaklamak arkaly ýok etmek çärelerine mundan 10 ýyl ozal girişdiler. Bu çäreler ýurduň dürli künjeginde wagtal-wagtal, hususan-da baýramçylyklaryň öňüsyrasynda güýçlendirilýär.

Ýurt häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri itleriň we pişikleriň köpçülikleýin ýok edilmegi barada ýyllarboýy dowam edip gelýän dymyşlygyny saklaýarlar. Olar Azatlygyň bu baradaky soraglaryna hem jogap bermeýärler.

Türkmen häkimiýetleri haýwanlary goraýan raýatlaryň idegsiz itler we pişikler üçin penahana gurmak baradaky haýyşlaryny hem ret edýärler.

Geçen ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow "Itleri köpeltmek we kinologiki işler barada" kanuna gol çekdi. Bu kanun itlere rehimsizligi gadagan edýär.

Aktiwistler kanuna garamazdan, ýurtda idegsiz haýwanlaryň rehimsizlik bilen ýok edilmeginiň dowam edýändigini aýdyp, ony "gözboýagçylyk" häsiýetlendirýärler.

Bu ýowulyk habarlarynyň arasynda, ýurtda alabaý itleriniň kulty döwlet derejesinde güýçlendirilýär. Soňky ýyllarda ýurtda "Hormatly itşynas" we "At gazanan itşynas" atlary, şeýle-de "Ýylyň edermen alabaýy" medaly döredildi we türkmen alabaý itleriniň baýramy esaslandyryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Хачанов победил Шевченко во втором круге турнира ATP в Риме






До городских кладбищь в православные праздники можно будет добраться на бесплатных автобусах

Монсон заявил, что его спортивная карьера практически завершена

Экс-игрок Деменко предрек "Краснодару" проблемы с составом

Россиянин сорвал рекордный джекпот в лотерее