Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2020

Новости за 04.08.2020

"Bu zatlary olar öňden bilýärdiler". Hytaý koronawirus baradaky hakykaty nädip ýaşyrdy

Azathabar.com 

Hytaýly alym, Hoň Koňdan ABŞ-a gaçyp gelen wirusologiýa doktory Hytaý hökümetini täze koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly faktlary ýaşyranlykda aýyplaýar. Wraç Ýan Limen amerikaly žurnalistlere Pekiniň COVID-19 barada onuň bütin dünýä ýaýramazyndan has öňräkden habarly bolandygyny aýdýar. Ol zenanyň tassyklamagyna görä, onuň işleýän ylmy-barlag institutynda koronawirusy öwrenmäge kembaha garapdyrlar, şeýle geleňsizlik ýüze çykmadyk ýagdaýynda, ýüz müňlerçe adamyň janyny halas edip boljakdygyny aýdýar. Читать дальше...

Türkmenistanyň ilaty köpçülikleýin keselleýär, häkimiýetler uçardan antiseptik sepýär we COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Balkan welaýatynda Gurban baýramy günlerinde howadan dezinfeksiýa geçirildi. Koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýän ýurtda soňky döwürde antiseptikler howadan uçarly sepilýär. Maryda keselhanalar hassalaryň köpelmegi sebäpli agyr şertlerde işlýärler, welýatda täze karantin zolaklary döredilýär. Lebapda, hassahanalara barýanlaryň arasynda gçirilýän testler ençemesinde koronawirusyň bardygyny tassyklaýar, Aşgabatda bolsa COVID-19 alamatlary bolan köp adam öýlerinde bejergi alýar.

Hasabat: Eýran COVID-19 ölümlerini peseldip görkezdi

Azathabar.com 

Eýranyň hökümeti ýurtda koronawirus bilen bagly ýagdaýlary we ölümleri düýpgöter peseldip görkezdi, diýip BBC gullugy özüne iberilen gizlin maglumatlara salgylanyp habar berýär. Sanlardan mälim bolşuna görä, Eýranda 20-nji iýula çenli COVID-19 alamatlary bilen 42 müňe golaý adam heläk bolupdyr. Eýranyň Saglyk ministrligi gürrüňi gidýän döwür içinde 14 müň 405 adamyň ýogalandygyny aýtdy, diýip britan habar agentligi 3-nji awgustda maglumat berdi. BBC gullugyna anonim çeşmäniň ugradan maglumatlarynda... Читать дальше...

Ispaniýanyň ozalky şasy, korrupsiýa derňewiniň arasynda, ýurdy terk etdi

Azathabar.com 

Ispaniýanyň ozalky monarhy Huan Karlos I, onuň uly mukdarda para alyp-almandygy boýunça geçirilýän derňewiň arasynda, ýurdy terk etmek kararyna gelendigini aýtdy. Şa Köşgüniň beýanatyna görä, 82 ýaşly ozalky şa bu barada ogly şa Felipe hat üsti bilen mälim edipdir. Iýunda Ispaniýanyň Ýokary sudy Huan Karlosyň Saud Arabystanynda gurulmaly ýokary tizlikli demirýol gurluşyk kontraktyna dahyllylygy boýunça derňew işini açdy. Mundan öň, Şweýsariýanyň gazeti Huan Karlosyň Saud Arabystanynyň ozalky... Читать дальше...

Hytaýyň Almatydaky konsulhanasynyň öňünde protest geçiren gazak aktiwisti türmä höküm edildi

Azathabar.com 

Gazagystanyň Almaty şäherindäki hytaý konsulhanasynyň daşynda, ýakynda hytaý ilçisiniň hytaý-gazak harby hyzmatdaşlygy boýunça eden beýanatyna nägilelik bildirip, ýekelikde protest geçiren gazak aktiwisti türmä höküm edildi. 3-nji awgust giçlik Almatynyň şäher sudy Serik Ažibaýi rugsat berilmedik jemgyýetçilik çäresini geçirmek we polisiýanyň buýruklaryna boýun bolmazlyk aýyplamalarynda günäli tapdy. Ol 15 gün türme tussaglygyna höküm edildi. Ažibaý günäsini boýun almady. Ol gazak kanunçylygyna görä... Читать дальше...

BMG hasabaty: Demirgazyk Koreýanyň kiçi göwrümli ýadro serişdelerini düzen bolmagy ‘mümkin’

Azathabar.com 

Demirgazyk Koreýa ýadro ýaragyny edinmek programmasyny ilerledýär, şeýle-de käbir döwletleriň pikiriçe Phenýan kiçi göwrümli ýadro serişdelerini eýýäm işläp düzüpdir diýip, BMG-niň gizlin hasabatynda aýdylýar. BMG-niň Demirgazyk Koreýa girizen sanksiýalaryna gözegçilik edýän garaşsyz ekspertleriň paneliniň taýýarlan hasabatynda Phenýanyň ballistik raketalaryna ornaşdyryp bolýan kiçi göwrümli ýadro serişdelerini işläp düzen bolmagynyň mümkindigi bellenilýär. Reuters we dpa habar gulluklarynyň maglumatyna görä... Читать дальше...

Tsapkala: Eger-de köpçülikleýin protestler dörese, Lukaşenka gaçar

Azathabar.com 

Belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenkanyň bosgunlykdaky bäsdeşiniň sözlerine görä, ýetip gelýän prezidentlik saýlawlarynyň netijeleri boýunça närazy adamlaryň uly sany köçelere çyksa, onda Lukaşenka güýç ulanmakdan çekiner. Lukaşenkanyň 26 ýyllyk awtoritar häkimiýetiniň 9-njy awgustda geçmeli prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda barha gowşaýana meňzeýär. Şol bir wagtda, synçylaryň köpüsi Lukaşenkanyň galplyk we garşydaşlaryna garşy repressiýalary ulanyp, nobatdaky möhlete prezident saýlanjakdygyny çaklaýarlar. Читать дальше...

Şu ýylda Merkezi Aziýada geçjek saýlawlar. Täze epidemiýa köne netijeleri berse gerek

Azathabar.com 

Bu ýyl Gyrgyzystanda parlament, Täjigistanda bolsa prezidentlik saýlawlary geçmeli. Bilermenler pandemiýa döwründe geçjek saýlawlaryň adalatly hem açyk boljakdygyna şübhe bildirýärler. Gyrgyzystanda parlament saýlawlary 4-nji oktýabrda geçmeli. Ýöne koronawirus pandemiýasy döwründe saýlaw geçirmek meselesi jemgyýetde alada döredýär, sebäbi Gyrgyzystanda koronawirusa ýolugýanlaryň hem ol wirusdan ölýänleriň sany entek azalyp baranok. Keselhanalaryň ýetmezligi wirusa ýoluganlary bejermekde kynçylyk döredýär. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Арина Соболенко

Арина Соболенко призналась в том, что не любит женский теннис






Гуцул заявила о неудачной попытке задержания в аэропорту Кишинева

Андрей Мидловец выиграл якутский финал на первенстве России

В кинотеатре «Москва» состоялась светская премьера нового фильма «Шпион на всю голову», в котором Кевина Спейси озвучил Гарик Харламов!

Подмосковные врачи выходили 130 новорожденных детей с начала года