Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2020

Новости за 18.08.2020

Täze Zelandiýada COVID-19 näsaglarynyň sany artýar. Tehasda ölenleriň sany 10 müňden aşdy

Azathabar.com 

18-nji awgustda Täze Zelandiýa 13 sany täze tassyklanan koronawirus näsagynyň hasaba alnandygyny habar berdi. Bu waka ýurt içinde ýokanç keseliň ýokaşmasy bolmazdan 100 günüň geçendigi mälim edilenden birnäçe gün soň, Täze Zelandiýa COVID-19 ýokuşan täze keselleriň sanynyň köpelmegi bilen göreşýän mahalyna gabat geldi. Täze hasaba alnan 13 näsagyň 12-si Oklendde bar bolan wirus topary bilen baglanyşykly. Wirus sebäpli Täze Zelandiýanyň şäherlerinde we etraplarynda sosial aralygy saklamak düzgünleri öz güýjünde galýan mahaly... Читать дальше...

Türkmen häkimiýetleri ýerli smart tv-leri satyn almaga mejbur edýär

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri, ýurtdaky ýiti ykdysady we azyk krizisiniň, şeýle-de maliýe ýetmezçiliginiň arasynda, býujet işgärlerini nobatdaky gezek maşgala býujetine mazaly agram salýan çykdajylara goýup, ýurduň öz içinde öndürilýändigi aýdylýan smart, ýagny akylly telewizorlary satyn almaga mejbur edýärler.

Maryda býujet işgärleri mejbury pagta ýygymyna çekilip başlandy

Azathabar.com 

Mary welaýatynda her ýyl bolşy ýaly ýene döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri pagta ýygymyna gatnaşdyrylyp başlandy. Býujet işgärleri bu çäre üçin pul bermäge-de mejbur edilýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji awgustda Marydan habar berdi.

Belarus paýtagtynda protestçiler ýörişlerini dowam etdirýärler

Azathabar.com 

17-nji awgustda Minskde müňlerçe demonstrant belarus lideri Alýaksandr Lukaşenka garşy tapgyr dokuzynjy gije ýygnandy. Şol gün irden Lukaşenka konstitusiýa üýtgetmeler girizilen halatynda täze prezident saýlawlarynyň geçirilmeginiň mümkindigini aýtdy. Belarusyň paýtagtynda ýygnanan demonstrantlar oppozisiýanyň gyzyl-ak baýdagyny galgadyp, Lukaşenkanyň işden çekilmegine çagyryş etdiler. Lukaşenkanyň häkimiýeti paýlaşmagyň haýsydyr bir görnüşine ýol açmak üçin konstitusiýa üýtgetmelerine garamak baradaky eglişigi... Читать дальше...

Azerbaýjanly aktiwist türme möhletini tamamlandan soň azat edildi

Azathabar.com 

Azerbaýjanyň oppozision Halk front partiýasynyň (AXCP) aktiwisti dört ýyl tussaglyk möhletini tamamlandan soň, türmeden boşadyldy. Ol özüniň syýasy matlaply aýyplamalarda höküm edilendigini öňe sürýär. Fuad Ahmadli 18-nji awgustda irden boşadylandan soň, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda özüniň tussag edilmeginiň häkimiýetleriň Halk front partiýasynyň agzalaryna garşy dowam etdirýän hüjümleriniň bir bölegidigini aýtdy. Türmede oturan wagty barada soralanda, Ahmadli "beýle kyn däldi" diýip... Читать дальше...

Kabula edilen raketa hüjümlerinde azyndan 10 adam ýaralandy

Azathabar.com 

Owgan resmileri ýurtda garaşsyzlygyň 101 ýyllygy bellenilýän mahaly, Kabuldaky ýaşaýyş we diplomatik sebitlere raketalaryň ençemesi atylandan soň, azyndan 10 adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar. Owganystanyň Içeri işler ministrligi 18-nji awgustda beren maglumatynda iki ulagdan 14 sany raketanyň atylandygyny we bu waka bilen ilteşikli iki şübheliniň tussag edilendigini aýtdy. Partlamalar esasy diplomatik etrapçany sarsdy. Çeşmeleriň aýtmagyna görä, ilçihana işgärleri gorag astyna alnan mahaly, etrapça dessine petiklendi. Читать дальше...

Türkiýe: dollaryň kursy migrantlary köseýär

Azathabar.com 

Awgust aýynda Türkiýede amerikan dollarynyň bahasy ýedi liradan geçip, netijede pandemiýa döwründe amerikan dollary 9% gymmatlady. Bu gymmatlama azyk önümleriniň hem jemgyýetçilik transportynyň bahalarynyň gymmatlamagyna-da getirdi. Eýsem Türkiýede ýaşaýan gyrgyzystanlylara pandemiýa döwründe milli walýutanyň hümmetiniň aşaklamagy nähili täsir ýetirýär? Dört ýyl bäri Stambulda guwernantka – öý-çaga hyzmatçysy bolup işleýän gyrgyzystanly Aýnura aýlyk hakyny türk lirasynda alýar. Ol her aýda gazanjyny dollara öwrüp... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Названы победительницы матчей Рыбакиной и Путинцевой за четвертьфинал турнира в Мадриде






Сразу прыгнула голой в кровать: Волочкова уединилась с тайным спутником на Мальдивах

Задержан оскорбивший героев Великой Отечественной войны блогер из Удмуртии

Выездной Фотограф для всех желающих, ну и конечно Артистов и Музыкантов.

Синоптик Шувалов: 4 и 5 мая в Подмосковье пройдут дожди