Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2020

Новости за 25.08.2020

Tsikanowskaýa ýewropaly kanunçykaryjylara “Belarus oýandy” diýdi

Azathabar.com 

Belarusyň sürgündäki prezidentlige bäsdeşi Swýatlana Tsihanowskaýa ýewropaly kanunçykaryjylara Belarus halkynyň demokratiýa isleginiň Minskdäki häkimiýetleriň rehimsiz basyşy bilen "bozulmajakdygyny" aýtdy. “Belaruslylar repressiýa, fiziki güýç bilen gorkuzylmagyna we azatlykdan mahrum edilmek baradaky haýbatlara garamazdan, soňky iki hepdäniň dowamynda yza gaýtmajakdyklaryny görkezdiler” diýip, Tsihanowskaýa 25-nji awgustda Ýewropa Parlamentiniň Daşary gatnaşyklar komitetine aýtdy. Tsihanowskaýa... Читать дальше...

Türkmenabadyň käbir sebitlerinde ‘zir-zibil depeleri’ emele geldi

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabadyň käbir sebitlerinde indi dört aýdan gowrak wagt bäri gündelik durmuşda emele gelýän zir-zibiller arassalanmaýar, bu hem öz gezeginde ýerli ýaşaýjylaryň dürli nogsanlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna sebäp bolýar.

Aşgabatda saglyk resminamalary we koronawirus testi talap edilýär, Daşoguzda maskalar ýetmezçilik edýär

Azathabar.com 

Okuw ýyly başlamazdan ozal Aşgabadyň mekdepleri okuwçylardan saglyk resminamasyny talap edýärler, paýtagta barmak üçin hem resminamalar we koronawirus testi soralýar. Bu aralykda Daşoguzda maska ýetmezçiligi döredi. Türkmenabatda COVID-19 pandemiýasy sebäpli howa gatnawynyň çäklendirilen şertlerinde türkmen raýatlary ýurda dolanyp başlaýar, daşary ýurtlular Türkmenistandan gaýdýar. "55-nji mekdepde ene-atalara 1-nji sentýabrda poliklinikadan saglyk resminamasyny getirmek tabşyryldy" - diýip, Azatlygyň... Читать дальше...

Berlin hassahanasy: Synaglar Nawalnynyň “zäherlenendigini” görkezýär

Azathabar.com 

Tiz kömek uçary bilen Russiýadan Germaniýa getirilen rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyny bejerýän Çarite hassahanasy korrupsiýa garşy göreşijide geçirilen synaglaryň onuň "zäherlenendigini" görkezýär diýdi. Nawalnyý "intensiw bejeriş bölüminde saklanýar we entegem komada", ýagny huşsuz halda ýatyr diýip, Berliniň keselhanasynyň 24-nji awgustda beren maglumatynda aýdylýar. Şol bir wagtda, hassahana rus oppozisiýa syýasatçysynyň “saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny, emma häzirki wagtda janyna çynlakaý howp abanmaýandygyny” hem belledi. Читать дальше...

Owganystanda “Talybanyň” ýük ulag partlamasynda we beýleki hüjümlerde 12 adam öldi

Azathabar.com 

25-nji awgustda Owganystanyň dürli künjeginde amala aşyrylan hüjümlerde, şol sanda “Talybanyň” bombaly ýük ulag bilen harby baza eden hüjüminde azyndan 12 adam öldi we başga-da ençeme adam ýaralandy diýip, resmiler aýtdylar. Ýük ulagyndaky janyndan geçen hüjümçi ýurduň demirgazygyndaky Balh welaýatynda ýerleşýän, owgan harbylary tarapyndan ulanylýan harby bazany nyşana alan mahaly, üç adam, şol sanda iki owgan harbysy we parahat ilatdan bir ýaşaýjy öldi diýip, welaýat häkimliginiň metbugat wekili Munir Ahmad Farhad aýtdy. Читать дальше...

Gaaganyň halkara kazylary Mladiçiň genosid baradaky şikaýat arzasyny diňläp başlady

Azathabar.com 

25-nji awgustda Gaagadaky halkara kazylar bosniýaly serbleriň harby komandiri Ratko Mladiçiň Srebrenisa gyrgynçylygy bilen bagly genosid we beýleki uruş jenaýatlary sebäpli ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegine garşy şikaýat arzasyny diňläp başladylar. Iki gün dowam etjek diňlenişik, 78 ýaşly öňki generalyň içegesindäki zyýansyz polipi aýyrmak üçin operasiýa zerurlygy we soňra-da koronawirus pandemiýasy sebäpli birnäçe gezek yza süýşürilipdi. “Bosniýanyň gassaby” diýlip hem atlandyrylýan... Читать дальше...

Putin Kononenkony “Watanyň öňündäki edermenligi” diýen ordeniň ikinji derejesi bilen sylaglady

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin rus kosmonawty Oleg Kononenkony “Watanyň öňündäki edermenligi” diýen ordeniň ikinji derejesi bilen sylaglady. Bu barada TASS habar agentligi Russiýanyň hukuk maglumatlary baradaky websaýtynda çap edilen döwlet baştutanynyň kararyna salgylanyp, 23-nji awgustda habar berdi. “Kononenko Oleg Dmitriýewiç adam kosmonawtikasynyň ösmegine goşan goşandy, kosmos giňişligini öwrenmekde, özleşdirmekde we peýdalanmakda görkezen edermenligi hem-de ýokary hünär ussatlygy üçin... Читать дальше...

Keselçilik wagtyndaky toý. Andijanyň häkimi gyzynyň doglan gününi şowhun-şagalaňly belleýär

Azathabar.com 

Özbegistanyň Andijan welaýatynyň häkimi Şuhrat Abdurahmanow golaýda kiçi gyzynyň 19 ýaşynyň dolan gününi aýratyn şowhun-dabara bilen belledi. Ýokary derejeli häkimiň howlusyndaky ser howuzyň başynda bazar güni başlanan dabara giç agşama çenli dowam etdi. Myhmanlar üçin Daşkentden ýörite çagyrylyp getirilen aýdymçy Munisa Rizaýewa hem beýleki artistler aýdym-saz etdiler. Azatlyk Radiosyna ýollanan dürli suratlardan bu dabaranyň karantin çäreleri gowşan badyna geçirilendigi mälim bolýar. Çagyrylan myhmanlar 30 adamdan geçipdir. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Полина Михайлова

Россиянка Михайлова стала чемпионкой Франции по настольному теннису






Собянин рассказал о строительстве моста через Москву-реку у Берегового проезда

В Москве рабочий упал в шахту лифта бизнес-комплекса

Пожар охватил административное здание на северо-востоке Москвы

Инэди: Очарование 80-х и Сила Женственности