ru24.net
World News in Turkmen
Август
2020

Новости за 13.08.2020

Eksklýuziw: Pompeo belarus halky üçin “gowy netije” getirjek ABŞ çärelerini wada berýär

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo Belarusda geçirilen jedelli prezidentlik saýlawlary we onuň yzýany parahat protestçileri polisiýanyň basyp ýatyrmagy barada çykyş edip, “Biz belarus halky üçin gowy netije isleýäris hem-de biz muňa laýyklykda çäreleri göreris” diýdi. Awtoritar prezident Alýaksandr Lukaşenkany yzly-yzyna altynjy möhlete bu wezipä getiren saýlawlaryň geçirilişini mundan ozal ýazgaran Pompeo 12-nji awgustda Pragada Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren giňişleýin interwýusynda... Читать дальше...

"Türkmenhowaýollarynyň" ýolagçy uçary Marynyň asmanynda 5 sagat aýlandy we Aşgabada gaýdyp geldi

Azathabar.com 

11-nji awgustda Mary şäheriniň we onuň golaýyndaky obalaryň asmanynda "Türkmenhowaýollary" kompaniýasynyň ýolagçy uçary birnäçe sagat aýlandy. Borty EZ-A778 belgili Boeing 777 uçary örän pes beýiklikde bäş sagatdan gowrak aýlandy diýip, Marynyň we birnäçe obanyň ýaşaýjysy aýtdy. “Flightradar24” internet saýtynyň habaryna görä, bu uçar hakykatdanam ýerli wagt bilen öýlän sagat 3 töweregi Aşgabatdan uçdy, ýöne 35 minutdan soň, görnüşine görä, onuň transponderi öçürildi we websaýtyň radarlaryndan bäş sagatlap ýitirim boldy.

Lebapdan Aşgabada okamaga gitjek studentlerde COVID-19 barlagy geçirilýär

Azathabar.com 

Türkmen hökümeti ýurtda COVID-19 ýokuşan näsagyň ýokdugyny aýdyp gelýän mahaly, Lebabyň ýokanç keseller hassahanasynda koronawirus alamatlary bolan näsaglar köpelýär. Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynda okamaga gitjek studentlerde COVID-19 barlagy geçirilýär. Migrasiýa gullugy çagasy daşary ýurtlarda okuwyny tamamlan ene-atalara jaň edip, olaryň Türkmenistana getiriljekdigini duýdurýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berýär. "Ýagdaý ýene-de erbetleşdi, COVID-19 ýokaşanlaryň sany köpelýär. Читать дальше...

Nobel baýragynyň laureaty Aleksiewiç Lukaşenkanyň belarus halkyna “uruş yglan edendigini” aýdýar

Azathabar.com 

Gan döküşikli raýat urşunyň öňüni almak üçin prezident Alýaksandr Lukaşenka häkimiýet başyndan çekilmeli, häkimiýetler öz halkyna uruş yglan edipdir diýip, Nobel baýragynyň ýeňijisi belarusiýaly ýazyjy Swetlana Aleksiewiç tutuş Belarusda polisiýanyň demonstrantlara garşy zorluk ulanmagyny ýazgardy. 9-njy awgust saýlawlarynyň resmi netijeleri boýunça tutuş Belarusda protestler dowam edýän wagty, Aleksiewiç bu bellikleri 12-nji awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk Raidosyna telefon arkaly beren interwýusynda aýtdy. Читать дальше...

HRW Bişkegi özbek žurnalistini Daşkende ekstradisiýa etmezlige çagyrdy

Azathabar.com 

Human Rights Watch (HRW) gyrgyz häkimiýetlerini tussag edilen özbek žurnalisti Bobomurod Abdullaýewi Daşkende ekstradisiýa etmezlige çagyrdy. Ondan ozal, Abdullaýew Daşkendiň haýyşy boýunça Bişkekde saklanypdy. 12-nji awgustda beren beýanatynda düýbi ABŞ-da ýerleşýän halkara adam hukuklary topary Bişkekden žurnalisti boşatmagy talap etdi. “Abdullaýew yzyna, Özbegistana ugradylan halatynda onuň gynamalara sezewar bolmak töwekgelçiligi sebäpli, Gyrgyzystanyň baş prokuraturasy özbek häkimiýetleriniň haýyşyny ret etmeli” diýip... Читать дальше...



Fransiýanyň prezidenti Makron Liwan we Belarus boýunça rus hem-de eýran liderleri bilen söhbetdeşlik geçirdi

Azathabar.com 

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, Belarusda saýlawlardan soňky zorlugy we Beýrutda bolan weýrançylykly partlamadan soň Liwandaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdy. 12-nji awgustda Makron eýranly kärdeşi Hassan Rohani bilen hem telefonda söhbetdeşlik geçirip, Tährandan Liwana gatyşmazlygy we dartgynlygy artdyrmazlygy talap etdi. Eýran şaýy söweşiji topary “Hizbullahyň” üsti bilen Liwana täsir edýär. Toparyň syýasy... Читать дальше...

Maryda protestçiler merkezi köçäni baglady, polisiýa bilen çaknyşdy

Azathabar.com 

12-nji awgustda Maryda ýüzlerçe adam, häkimiýetleriň pul nagtlaşdyrmak boýunça girizen nobatdaky çäklendirme-düzgünlerine närazylyk bildirip, şäheriň merkezi köçeleriniň birini baglady we sebite gelen polisiýa işgärleri bilen çaknyşdy. Bu barada ýagdaýlary ýakyndan öwrenen Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň biri 13-nji awgustda gürrüň berdi. Çarşenbe güni öýlän sagat 13:00 töwereginden soň, Marynyň ‘Senagat’ we ‘Daýhanbank’ banklarynyň işgärleri kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmak üçin nobata duran ýüzlerçe adamyň öňüne çykyp... Читать дальше...

Pompeo belarus halky üçin “gowy netije” getirjek ABŞ çärelerini wada berýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Belarusda geçirilen jedelli prezidentlik saýlawlary we onuň yz ýany parahat protestçileri polisiýanyň basyp ýatyrmagy barada 12-nji awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Pragada beren interwýusynda: “Biz belarus halky üçin gowy netije isleýäris hem-de biz muňa laýyklykda çäreleri göreris” diýdi. Awtoritar prezident Alýaksandr Lukaşenkany altynjy möhlete bu wezipä getiren 9-njy awgust saýlawlarynyň geçirilişini mundan ozal ýazgaran Pompeo “biz zorluga we onuň netijelerine syn etdik... Читать дальше...

Täjigistanyň transport ministriniň öz janyna kast etmek synanyşygynyň käbir sebäpleri aýan bolýar

Azathabar.com 

Täjik hökümetiniň habar bermegine görä, Täjigistanyň transport ministri Hudoýor Hudoýorzoda öz janyna kast etjek bolanynda, hossarlary ýetişip, ony ölümden halas etdiler. Häzirki wagtda transport ministrliginiň ýolbaşçysy keselhanada ýatyr. Täjigistanyň Baş prokuraturasynyň mälim etmegine görä, 11-nji awgustda ýüze çykan bu hadysa maşgalada dörän konflikt sebäp bolupdyr. «62 ýaşly Hudoýor Hudoýorzoda maşgala agzalary bilen dawalaşandan soň, ýaşaýan ýeri Duşenbe şäherinde özüni öldürmek üçin, aşhanadaky pyçak bilen özüni ýaralapdyr» diýip... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Азаренко вышла в полуфинал турнира WTA-1000 в Майами






Россияне более 14 часов не могут вылететь в Москву из Хургады

Московский зоопарк назвал сроки, когда панда Катюша уедет в Китай

Суд отклонил апелляцию Сергея Жукова о правах на фонограммы песен «Руки Вверх»

Собянин рассказал о преображении московского городского вокзала Щербинка