Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2021

Новости за 13.07.2021

Koronawirus maşgalalary aýraçylyga sezewar edýär

Azathabar.com 

COVID-19 ýokanjy bütin dünýä giň ýaýrandan soňra, daşary ýurtlarda galan müňlerçe türkmen raýatlary yzyna, Türkmenistana dolanmagy arzuw etmäge başladylar. Olaryň aglabasy öýli-işikli, çagalary bolan raýatlar. “Men geçen ýylyň başlarynda operasiýa üçin daşary ýurda çykanymda, ýanýoldaşyma we çagalaryma 15-20 gün içinde yzyma dolanjakdygymy söz beripdim. Emma, bir ýarym ýyldan gowrak wagtlap watana dolanmak arzuwyny edýärin” diýip 50 ýaşlaryndaky, adynyň tutulmagyny islemedik zenan Azatlyk Radiosyna aýdýar. Читать дальше...

Lebapda etraplaryň arasynda hereket çäklendirildi, Aşgabatda eýran waksinasyna garaşylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň gündogarynda ilatyň hereketine çäklendirmeler ýene-de güýçlendirildi. 12-nji iýulda Farap etrabynyň ilatyna sebitden Türkmenabat şäherine gitmek gadagan edildi. Türkmenabatda bolsa, seýilgähler ýapyldy. Bu aralykda Aşgabatda eýran waksinasyna garaşylýar we daşary ýurtlardan türkmen raýatlaryny getirjek uçara garaşylýar. 12-nji iýulda Farap etrabyny Türkmenabat bilen birleşdirýän ýollar, şol sanda Türkmenabat şäherine barýan köpri, Hojakenepsi-Seýdi köprüsi we Hojambaz-Farap ýoly ýapyldy. Читать дальше...

MHM-niň resmileri Marynyň hukuk goraýjylary bilen ýygnaklary geçirip, "bar zada taýýar bolmagy, ýöne aljyramazlygy" duýdurýarlar

Azathabar.com 

Türkmen-owgan serhediniň owgan tarapynda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşmagynyň fonunda, şu günler Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň barha köp işgäri Aşgabatdan Mary welaýatyna gelýär. Olar Marynyň hukuk goraýjy edaralarynda ýygnaklary geçirýärler. Aşgabatdan gelen bu resmiler Marynyň hukuk goraýjylaryndan ilat arasynda Owganystanda uruş ýok ýaly edip görkezmegi talap edýärler. Olar bu barada ilat arasynda dowul turuzýan adamlary wagtlaýyn tussag etmegi berk tabşyrýarlar. Şeýle-de... Читать дальше...

Marynyň häkimiýetleri 'bikanun mellekleriň' yzyna alynjakdygyny, jaýlaryň ýykyljakdygyny duýdurýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň häkimiýetleri köp gatly jaýlaryň öňündäki howlularda ýerleşýän mellek ýerleriniň eýerine mellekleriniň elinden alynjakdygyny we bu ýerde gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň ýumruljakdygyny duýdurdy. Häkimiýetler bu mellekleriň bikanun ele salnandygyny aýdýarlar. Ýer eýeleri bolsa, bu ýerleriň özlerine häkimiýetler tarapyndan satylandygyny belläp, nägilelik bildirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Russiýada COVID-19 hadysalarynyň köpelmegi bilen gündelik ölüm sanlary täze rekord derejä ýetdi

Azathabar.com 

Russiýa soňky 24 sagadyň dowamynda 780 adamyň koronawirus bilen bagly kesel bilen aradan çykandygyny aýdýar. Bu pandemiýa başlanaly bäri bir günde tassyk bolan iň ýokary ölüm sanydyr. Degişli döwrüň dowamynda ýurt boýunça COVID-19 bilen hasaba alnanlaryň sany 24702 adama ýetdi diýip, koronawirusa garşy krizis merkezi habar berdi. Munuň bilen COVID-19 bilen näsaglanlaryň umumy sany 5,7 million adama ýetdi. Ýurtda jemi 144,492 adam koronawirus bilen aradan çykdy. Ýöne tankytçylar käbir ölümleriň... Читать дальше...

ABŞ Hytaýa garşy ‘genosid’ aýyplamalaryny gaýtalady, Birma we beýlekiler boýunça duýduryş berdi

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlary Hytaýyň uýgurlara we beýleki azlyklara daraşmalary boýunça oňa gönükdirýän genosid aýyplamalaryny gaýtalady. Bu habar çaknyşyklardaky etniki arassalaýyş bilen baglylykda Birma, Eritreýa, Efiopiýa we Günorta Sudana garşy goşmaça sanksiýa duýduryşlary bilen bilelikde berildi. Bularyň ählisi genosidleriň we wagşyçylygyň öňüni almak boýunça Döwlet departamentiniň Kongrese berýän ýyllyk hasabatynyň bir bölegi hökmünde Baýden administrasiýasynyň iberen maglumatlaryna girizildi. “Bu... Читать дальше...

Kubada kommunistik hökümete garşy geçirilen protestlerden soň, polisiýa Gawanada patrullyk edýär

Azathabar.com 

Kubada protestçiler gözgyny ykdysady krizisiň we koronawirus pandemiýasynyň arasynda kommunistik hökümetiň soňuna çykylmagyna çagyrandan bir gün soň, 12-nji iýulda Gawanada ümsümlikdi, şähere köp sanly polisiýa güýçleri ýerleşdirildi. Adada ýerleşýän ýurduň beýleki şäherlerinde we Gawanada geçirilen seýrek protestleriň yz ýany, köp sanly polisiýa paýtagtda patrullyk etdi. Şeýle-de, 12-nji iýul güni ýurduň mobil aragatnaşyk ulgamlarynda bökdençlik ýüze çykdy. Sürgündäki “Kubaleks” ynsan hukuklaryny... Читать дальше...

ABŞ-nyň Owganystan boýunça harby serkerdesi işini yztutaryna geçirýär, 'Talyban' welaýat merkeziniň daşyny gabaýar

Azathabar.com 

“Talyban” jeňçileri öz territorial çäklerini giňeldýän mahaly, ABŞ-nyň Owganystandaky harby serkerdesi, ABŞ-nyň bu ýurtdaky 20 ýyllyk harby gatnaşygyny tamamlamak işleriniň çäginde, 12-nji iýulda serkerdeligi yztutaryna geçirdi. Ol bu işi ABŞ-dan ýöreder. General Skott Miller Kabulda geçirilen dabarada Owganystandaky ABŞ güýçleriniň serkerdeligini Merkezi serkerdeligiň başlygy we harby-deňiz güýçleriniň generaly Frank MakKenzä (Frank McKenzie) tabşyrdy. MakKenzie Owganystan boýunça serkerdeligi Floridadan ýöreder. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Полина Михайлова

Россиянка Полина Михайлова стала чемпионкой Франции по настольному теннису






Синоптик Леус предупредил о кратковременных дождях в Москве

Азербайджанцев, подозреваемых в убийстве у «Галереи Чижова», суд отправил в СИЗО

Пожарные локализовали возгорание в здании на промзоне в Королеве

Вечер единения и поддержки: Презентация Гуманитарного Центра «Звезда» в Москве